ORTA, 1. Bir zadyň merkezi, ortarasy, aralyk. Obanyň itleri olary orta aldy. 2. Bir zadyň aramlyk derejesi, aralyk. Olaryň biri garrydy, biri orta ýaş çemesindedi (A. Gowşudow. Eserler). Halynyň dokalyşy orta halda diýlip tapyldy. Orta boýly ýigit. 3. Kömekçi söz rolunda: Goçmyrat köçäniň ortasyndan parahat barýar («Tokmak» žurnaly). <>Orta almak 1) töweregine aýlanmak, daşyny gabamak; 2) ýerli-ýerden käýemek, sögmek. Orta asyr ser. Asyr. Orta atmak ser. Orta goýmak. Aknabat eje Annagulyny öýermek meselesini orta atdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gürrüňiň gyzykly ýerinde şorta sözüni orta atýar (A. Gowşudow, Eserler) . Orta bilim ser. Bilim Orta goým a k bir meselä köpçüligiň ünsüni çeçmek, köpçüligiň seretmegine, garamagyna goýmak. Orta mekdep ser. Mekdep. Orta hasap bilen çak bilen, çen bilen, takmynan Orta çykmak zähmetde özüni görkezip, beýlekilerden özüni tapawutlandyrmak. Zarpçy adyn alyp orta çykanlar, Hemmäňe kän salam Ata Salyhdan daç (Ata Salyh, Saýlanan eserler). ORTAK, Hemmelere degişli bolan, ortalyk. <> Ortak işlik. gram. ser I ş l i k.
ORTAKLAŞMAK, Bir zady köpçülik bolup birleşip ýerine ýetirmek, orta goýup amala aşyrmak.
ORTAKY, Bir topar zadyň arasyndaky, ortada ýerleşen, aralykdaky. Mawy ortaky öýden bir kersen düýe süýdüni alyp çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň suwy tomsuň ortaky aýlaryna çenli gutarmaýardy («Kolhoz günleri»).
ORTALAMAK, Bir işiň ýa-da zadyň ortasyna çenli barmak, ýarysyna ýetmek.
ORTALYK, Iki aralyk, iki tarapyň arasy, aralyk. Ýaranlar taýajyklary ortalykda goýýarlar («Pioner» žurnaly).
ORTA-MIÝAN [orta-miýa:n], Orta boýly, uzynlygy orta çemeli. Bir ortamiýan, agaç et, daýaw, görnükli leýtenant özleriniň nähili möhüm we zerur ýumşy bitirmek üçin çykandyklaryny ýoldaşlaryna gaýtalap aýdyp berdi (A. Gowşudow, Eserler).
ORTANJY, Ilkinji we iň soňkynyň aralyganda bolanlar, ortada ýerleşen. Ortanjy ogly Gyzyl Goşunda, iň kiçi ogly bolsa kolhozyň hasapçysy bolup işleýär (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ortanjy gyzy siltenjiräp gepledi (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).
ORTARA, [orta:ra], Bir zadyň ortasy, orta giňişligi, aralyk. Öýüň ortarasynda ojakda atarylgy gara gazanda ýarma köje gaýnaýardy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar) Jemagat giň köçäniň ortarasynda hümerlenişip, bir zada seredýär («Tokmak» žurnaly).
ORTAÇA, 1. Orta derejede, orta hal, orta hil. 2. Orta hasap bilen, takmynan. Munuň özi raýonyň beýleki kolhozlarynyň alan ortaça hasylyndan 3,5 esse artyk diýmekdir («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).
ORTODO'KS, kit d. Ortodoksal garaýyşly adam. ORTODOKSAL, kit. d. Bir taglymatyň, dünýägaraýşyň tarapyny gyşarnyksyz, yzygiderli tutýan. ORTODOKSALLYK, Ortodoksiýa has bolmaklyk. ORTODO'KSIÝA, kit. d. Bir taglymata ortodoksallyk bilen eýeriş, tarapdarlyk.
ORTOPE'DIÝA, med. Meditsinanyň çolaklary, agsaklary sagaltmak hem-de gyşyk agzalary dogrulamak işini alyp barýan bir bölümi (oňurga, aýak, el we ş. m.). Ýasy dabanlyk döreýän halatlarynda, ortopediýa berjermeklik ulanylýar (S. O. Dulitskiý, Rahit). |