SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OÝA

OÝD

OÝK

OÝL

OÝM

OÝN

OÝP

OÝR

OÝT

OÝU


[o:ý] I, Biri ýa-da bir zat barada edilýän pikir, akyl ýetiriş. Seniň gizlin syryňy Iwan duýmaýandyr  diýen oý seniň göwnüňe gelmesin (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<>Oýa  çümmek — çuň pikire gitmek. Ol ýol boýy bütin  göwresi  bilen oýa çümüp gelýärdi. (G.  Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Aýsoltan gök otlara gözi düşende bolsa oýa çümdi  (B.Kerbabaew, Aýsoltan).

Oý  k ö l I. — pikiriň jümmüşi.


OÝ [o: ý] II,  1. geogr. Pes ýer, çöketlik.   Marynyň  golaýynda, Amaşanyň oýunda, Murgabyň boýunda mydama gök bürenip oturan bir uly oba bar (H. Ysmaýylow Powetler). Süriniň oýa inýän tarapyna sýeredip başlady (B. Gurbanow, Duşuşyk).

2. Çukur emele gelen ýer, çukur. Şofýor minutsaýyn ýoldan azaşýardy, maşyn oý ýere we top oky düşen çukurlara düşüp batýardy («Sowet Türkmenpstany» gazeti).

3. Tekiz däl, düz däl, pes. Tamyň suwagynyň şu ýeri oý bolupdyr.


OÝA, Uka gitmedik, uklaman ýatan, uklamadyk. Arçyň dagy oýamyka? (A  Durdyew, Saýlanan eserler). Kümäniň ýokary ýerlerindäkiler hem biri-biriniň oýadygyny' duýdular («Bahar»).


OÝALYK, Uka gitmezlik, ukuda dällik. Bize biri-birimiz bilen elmydama oýalykda görüşmek nesip etsin! (A.Gowşudow, Mähri—Wepa). Düýşümde men seni oýalygymdakydan köp görýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OÝALY-UKULY [oýaly-u:kuly], Ýarym ukudaky ýagdaý, ne oýa, ne-de ukuly. Kömegiň heniz hem şol oýaly-ukuly ýatyşydy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


OÝAN-BUÝAN [oýa:n-buýa:n], 1. Eýläk-beýläk, ol tarapa-bu tarapa. Şol ýerde biraz durup, Oýan-buýan garadym (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

2. Ol-bu, ol zat.

3. bu zat. Bir salym oýan-buýan, durmuş-dünýe gürrüňin-den söz açyp, gürleşip oturdylar (A. Gowşudow, Eserler).


OÝANMAK, 1. Ukudan açylmak, turmak. Myhmanlaryň galmagalyna öý eýeleri hem oýanypdyr  («Türkmen halk ertekiler  ýygyndysy»). Gijäniň ýary geçenden soň men oýandym (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Şäher halky aljyraňňylyk bilen oýandy (B.  Kerbabaew,  Aýgytly ädim).

2. Ýüze çykmak, peýda bolmak, döremek. Köpçüligiň rewolýutsion initsiatiwasynyň oýanmagy  («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).

OÝARMAK, 1. Ukudan açmak, turuzmak. At aýagynyň dükürdisi, Meleguşuň oňa bakan çasly kişňeýän sesi ony oýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ony' ýuwaşlyk bilen oýaryp, öýlerine alyp geldi (H. Ysmaýylow, Powestler).

2. ýüze çykarmak, döretmek. Onda oz güýjüne beýik ynanç duýgusyny oýarýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Aýaga galdyrmak, täze duýgy döretmek, janlandyrmak. Tüpeň sesleri bütin obany oýarypdy, diňe her kim öz tüneginde dymşyp oturýardylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


OÝATMAK,   ser. Oýarmak1