OÝLAGRAMAK [o:ýlagramak], Gorkuly garanjaklamak, eýläňe-beýläňe gorkuly seretmek. Lellik bilen Körpe oýlagrap, yzlaryna seredişip gelýärler («Pioner»Žurnaly).
OÝLAGRAŞMAK [o:ýlagraşmak], Bilelikde oýlagramak, gorkup eýläk-beýläk seredişmek, garanjaklaşmak. Gum getiren soldatlar ýapyrylyşýardylar we oýlagraşýardylar.(L. N. Tolstoý, Sewastopolь hekaýlary).
OÝLAMAK [o:ýlamak], 1. Bar unsüňi gönükdirmek,bir zat barada pikir etmek, pikirlenmek. Adamlar! Siz oýlap görüň: patyşadan işçi razymy? ÝOK! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Hawa, başlyk, ýaňy maňa Bir ýana gezmäge gideli! diýdi weli, şoňa gitsemmikem -gitmesemmikäm diýip oýlap durşum. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Şu beýik maşgalada özüniň nähili derejede orun tutandygyny oýlar (A. Gowşudow, Eserler). 2. Çak etmek, paýhas etmek, çaklamak. Myrat öz ýanyndan. Indi bir çen boldy! diýip oýlan bolsa gerek.(A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Oýlap t a p m a k döredijilikli işläp, täze bir zat döretmek. täze bir zat oýlap çykarmak. Täze eranyň II asyrynyň başynda Hytaýda kagyz oýlap tapypdyrlar.(Gadymy dünýä taryhy).
OÝLANMAK [o:nlanmak], 1. Bir zada ünsüňi gönükdirmek, bir zag barada pikir etmek, pikirlenmek. Ezize uzak oýlanmaga-da hajat galmady.(B. Kerbabaew Aýgytly ädim). 2. Paýhas etmek, göz öňüne getirmek, paýhaslanmak, pikirlenmek. Ol seniň oýlanmagyňa halk häkýmiýetini kimiň goraýanyna düşünmegiňe garaşýar. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).Bu ýagdaý Garýagdyny pikirlenmäge, oýlanmaga mejbur edýär.(H.Ysmaýylow, Powestler).
OÝLANYŞMAK [o:ýlanyşmak], Bir zat barada her taraplaýyn pikirlenmek, oýlap görmek, öLçerip ´görmek, pikirlenişmek. Muny biz oýlapyşyp görmeli bolýarys! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olar ýol boýy dymyşyp, her haýsy öz ýanyndan oýlanyşyp gelýärdiler. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
OÝLUK [o:ýluk] I, geogr. Oý ýer, peslik, çöketlik. Dört töweregiň suw alan çeketlikden, oýlukdan kälden we gorpdan doly. («Sowet Türkmenistany» gazet). Bu oýlukda duran ýerňden diňe aňňsat-aňňsat depelýerden aşyp gelýän maldarlara gözüň düşýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Oýluklarda ýekegapanlar hem bar («Mydam taýýar» gazeti).
OÝLUK [o:ýluk] II, Sowukdan goranmak üçin egne atylýan, keçeden tikilen ýeňsiz geýim, ýapynja. Wüiş kel çopanyň oýlugyny egnine geýip, oduň başyna geldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Nurýagdy bolsa aşagyna sazak-selin düşäp, oýluga dolanyp oturan ekeni («Mydam taýýar» gazeti). |