SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OÝA

OÝD

OÝK

OÝL

OÝM

OÝN

OÝP

OÝR

OÝT

OÝU


OÝNAWAÇ [oýnawa:ç], 1. Çagalar oýnamak üçin ýasalan zat, gurjak. Oýnawaçlar mekdepde diňe baýlaryň çagalary üçin bolup, halkyň çagalary hemme zatdan mahrumdylar («Pioner» žurnaly).

2. göç. m. Başga biriniň erki boýunça hereket edýän adam.

3. göç. m. Owadan görnüşli, gelşikli. Oba hem şäher indi oýnawaç ýalydy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OÝNAK, Oýnalyp ýören, kelçik, suwumsyz. Bu bälçik gelin-gyzlaryň hem hemişe oýnaklary wüşüdir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


OÝNAKLAMAK, 1. Her hili oýunlar edip bökjeklemek, oýun etmek. Sypanda dor taýyň sagrysyn, göwsün, silkinip, oýnaklap, ol atýar owsun (N. Pomma, Saýlanan eserler).

2. Çalt hereket etmek, hereketde bolmak, möwç almak. Tolkunlar yzly-yza oýnaklap, düýrlenip, kenara gelýär. Gözleri oýnaklap duran ýaşuly oňa ýylgyryp seretdi («Sowet edebiýaty» Žurnaly).


OÝNAKLATMAK, 1. Her hili oýunlar etdirmek. Bökjekletmek.

2. Iki baka hereket etdirmek. Jeren gözlerini oýnakladyp, gülki gatyşykly gepledi. Gyzyl galamy alyp, aýnanyň ýüzüne degirmän, onuň üstünde oýnaklatmaga durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OÝNAKLAŞMAK. Her hili oýunlar edişmek, bökjekleşmek. Owadan tohum atlar boýunlaryny talawladyşyp, kellelerini dik tutuşyp, oýnaklaşyp barýardylar.(A.Gowşudow, Powestler we hekaýlar).


OÝNALAMAK, 1 Oýun bilen meşgul bolunmak. oýna gatnaşylmak. Özara gürrüňiň arasynda küşt oýnaldy. («Mugallamlar gazeti»). Indiki agşamky oýnaljak ýeri-de şol ýerde eýýäm  belleşilendir. (A. Gowşudow, eserler).

2. Bir rolь ýerine ýetirilmek, oýun ýerine ýetirilmek.

3. Oýun, gülki obýekti bolmak. oýun edilip aldawa düşürilmek. Ol özüniň oýnalýandygyny aňdy.


OÝNAM, Dört birligi aňladýan san, dört. Iki oýnam çaganyň: — Kaka, kaka! — diýşip, elemtas öňünden çykjaklary gözüniň öňüne gelip, özüni düýpsüz derýa oklajak ýaly, başyny birden galdyrdy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň kellesiniň oýnam barmak gapdalyndan wazlap geçen berdeňkäniň gurşun okudy. (A. Gowşudow, Eserler).


OÝNAMAK, 1. Oýun bilen meşgullanmak, oýna gatnaşmak. Aýu, Sona! Sapaklaryňy taýýarlanyňdan soň, oýnamaga gel! (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary). Ol taýda bir topary üýşüp düzzüm oýnaýardy. (A. Gowşudow. Powestler we hekaýalar).

2. Bir roly ýerine ýetirmek, her hili hereketler bilen oýun görkezmek. «Görogly» dramasynda ol Öweziň roluny oýnady.

3. Biri bilen oýun etmek, bälçiräp biriniň üstünden gülmek, degişmek. Meni oýnamaň, maňa işlemäge mümkinçilik beriň! Magtym, seniň bolşuň nähili? Ýa bizi oýnamak isleýärmňs? (Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Eýaläk-beýläk hereket etmek. Onuň gara gözleri oýnap durýardy (A. Gowşudow, Eserler).

<> Uly rolь oýnamak — ähmiýeti uly bolmak, uly ähmiýete eýe bolmak. Beýik ýazyjylaryň eserlerini höwes bilen düýpli öwrenmegiň uly rolь oýnandygy şeksizdir (A. Gowşudow, Eserler).


OÝNAMLAMAK, Oýnam bilen ölçemek, oýnam-oýnam edip sanamak. Oýnamlap çüýşeler, münderläp käseler geldi (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). Ol aşşygyny oýnamlap sanaýardy.


OÝNATGY, Özüni oýnadyp ýören, üstünden gülünýän (adam). Toba-tagsyr, sen-ä oýna-çyna düşünmeýän tüýs bir oýnatgy ekeniň. (N, Pomma, Taýlak hyzzyn). Sen bu bolşuň bilen öz-özüňi oýnatgy edýärsiň («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OÝNATMAK, 1. Oýun etdirmek; oýna goşmak, oýnamaga, gezmäge mümkinçilik bermek. Jigimi oýnadyp ýörkäm, birden ýagyş ýagyp başlady. Ol gapyrjagy elinde oýnadýar (G. Seýitliew, G. Muhtarow, Pьesalar).

2. Bir roly ýerine ýetirtmek. 3. Öz üstünden güldürmek. Ol oýnytgy ýaly özüni oýnadyp ýör.

<> At oýnatmak — sapalak atmak, sypjyklyk etmek, çynlakaý ýapyşmazlyk.


OÝNAŞ, Aýal bilen kanunsyz ýaşaýan erkek adam ýa-da erkek bilen nykasyz ýaşaýan aýal. Uzyn günüň arzuwyn-dan soň oýnaşlaryna etmäge howlugyp barýan orramsylar bolaýmasa köçede adam ýokdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


OÝNAŞMAK, Bilelikde oýnamak, biri-biriň bilen oýnamak, oýun edişmek. Men bu ýere siziň bilen gep nokatlaşyp, oýnaşyp oturmaga gelemok, yzymda zerur işler maňa garaşyp dur (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Mähri her gün okuwdan gaýdyp gelýer, az salym agasynyň çagalary bilen oýnşyp-gülüşýär. (A. Gowşudow, Eserler).