SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OÝA

OÝD

OÝK

OÝL

OÝM

OÝN

OÝP

OÝR

OÝT

OÝU


OÝKALAMAK, Bir zady bir ýere gaýta-gaýta oýkamak, süýkemek, sürtgülemek. Elleri bilen ýüzüni oýkalap pallady-da, ýerinden turup, tamyna ýüzlendi.(A. Durdyew, Saýlanan eserler).


OÝKALMAK, Bir ýere süýkelmek, sürtgülenmek.


OÝKAMAK, Bir zady bir ýere sürtgülemek, yzygideli süýkemek. Onuň ýalaňaç garnyna çalaja örgünli eňegini oýkanda, Annam jykyr-jykyr gülýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly). Myrat eliniň aýasyny dyzyna kady-da, nas atmak üçin taýýarlandy. (A. Gowşudow. Eserler).


OÝKANJYRAMAK, 1. Eýläk-beýläk  gozganmak, gymyldap oturmak, gozganjyramak.Nähoş   adam kimin iki ýana oýkanjyrap, ynjalyksyz ýatdy (G. Kulyew köpetdagyň aňyrsynda).

Ol oýkanjyrady-da: — Goýun  bakaryn — diýdi («Tokmak» žurnaly).

2. Bir işi ýerine ýetirmän ýaýdanjyrap durmak, ikirjiňläp durmak. Düşmezlige salyp, oýkanjyrap  otyr zaňňyr. («Görogly eposy).


OÝKANMAK, 1. Bir zada süýkenmek, ýaplanyp gaşanmak. Gotur at çöpden-çöpe süýkenip, agaçdan-agaja oýkanyp galyberdi («Gärogly» eposy). Ol bir gün omzuny gaşamak üçin agaja oýkanýar weli, ýokarsyndan naýynjar ses eşidilýär («Türkmen halk ertekilerr ýygyndasy»).

2. Ynjalyksyz bolmak, ýaýdanmak. Stulda oturmaga öwrenişmäçsoň, gorka-gorka oýkanyp, oturgyjyny stola ýakynrak süýşürdi.(«Sowet  edebiýaty»žurnaly).


OÝKATMAK, Çaldyrmak, sürtdürmek, süýketmek.