SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OÝA

OÝD

OÝK

OÝL

OÝM

OÝN

OÝP

OÝR

OÝT

OÝU


OÝUK [o:ýuk], 1. Oý edilen, oýulan, gazylan. 2. Deşik emele gelen, uly deşik. Ortasy oýuk keçe.


OÝUK-OÝUK [o:ýuk-o:ýuk], 1. Bir näçe oýugy bar bolan, bir näçe ýeri oýulan. Saçynyň otlanmagy zerarly, kellesi oýuk-oýuk, gara ýanyk bolup durýar (A. Gowşudow, Eserler).

2. Oýulyp deşilen, deşik-deşik.


OÝULMAK [o-ýulmak], 1. Oý bolmak, çukur bolmak. Ine, görüň! — diýip, agajyň daş gabygyndan oýulyp aýrylan ýerini eli bilen görkezdi  (A. Gowşudow, Eserler).

2. Deşik emele gelmek, deşilmek.


OÝUN, 1. Oýnalýan zatlaryň görnüşi, ýoly. Olar öz oýunlarynyň gyzgalaňy bilen daş-töwerekden gopgun tursa-da duýmaýarlar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Oýun bir, maza iki (nakyl).

2. teatr. Sahnada oýnalýan tomaşa, spektaklь. Men düýn «Zöhre—Tahyr» oýnuny gördüm.

3. Degişme, bälçireşme. Size oýun gerek! («Bahar»). Seniň çynyňmy ýa oýun edýärmiň?! (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

<> Oýun götermek — degişmede gaty görmezligi başarmak, oýna çydamak. Edilen oýny götermek.

<> Oýunlyga  salmak — degişmä salyp, diýjegini diýmek, aýtjagyny aýtmak. Agronom oýunlyga salyp, bir ikisine degdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Başyna  oýun getirmek — her hili aldawlara duçar etmek, her hili pyrryldak etmek.


OÝUNBAZ [oýunba:z], 1. Oýunçy, degişgen. Ol, adam oýunbaz bolmaga çemeli.

2. Hilebaz, aldawçy, ýalançy.


OÝUNJAK, 1. ser. Oýnawaç. Bu oýunjaklaryň hemmesini fizika kružogynyň çlenleri ýasan ekenler («Mydam taýýar» gazeti). Batyrjyk peçiň ýanynda dürli oýunjaklar bilen güýmenip otyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Aňsat, ýeňil, elujy, ýönekeý. Bu iş oýunjak iş däl, ýöne meniň özüm slesarь, maşyn ussasi, munuň ýaly zatlary bejermek işi elimden köp gelip geçdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


OÝUN-OÝUNJAK, ser. Oýunjak 2 . Pagta ýygymyny maşynlaşdyrmak oýun-oýunjak iş däl ahyry! («Sowet edebiýaty» žurnaly).


OÝUN-TOMAŞA, Şadyýanlyk, hezillik, keýpiköklük. Hany, bu gün agşam täze oýun-tomaşa görmezmiň?! (A. Gowşudow, Eserler).


OÝUNÇY, 1. Oýna gatnaşyjy, oýun oýnaýjy. Her oýunçynyň özüniň kömekçi gözegçisi bolýar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýüzük oýunçylary bolsa keçe baýragy hantamadyr (A. Gowşudow, Eserler).

Oýunçy utulanyny bilse ýagşy (nakyl).

2. Degişgen, oýunbaz, şoh. Ol bir oýunçy oglan eken.

3. göç. m. ser. Oýun  b a z 2.  Madyr işan oýunçy gözlereden ýasama ýaş döküp, gykylyk etdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OÝURGANMAK [o.ýurganmak], Oýa çümmek, oýa batmak? oýlanmak.

OÝUŞMAK, [o:ýuşmak], Oýmaga kömekleşmek, oýuk--oýuk edişmek.