SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OÝA

OÝD

OÝK

OÝL

OÝM

OÝN

OÝP

OÝR

OÝT

OÝU


OÝMAK [o:ýmak] I, Tikin tikilende, barmaga geýdirilýän metaldan edilen esbap.


OÝMAK [o:ýmak] II, Bir zady gazyp ýa-da kesip oý etmek, çukanak etmek. Agajyň ýüzüne oýup nagyş çekmek ussatçylygynyň güllemegi XVII asyra degişlidir (SSSR taryhy).


OÝMAK [o:ýmak] III, Oý bolan, oýulan, çukanak. Aşaky hem ýokarky işikde tegelejik oýmak çukurjyk bar eken. (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


OÝMUDYKLAMAK, Oýmul-oýmul edip hereket etmek, oýmuldap ýöremek. Düýe derrew oýmudyklap, çökmek bilen boldy (H. Ysmaýylow, Powestler).


OÝMULDAMAK, Çaýkanjyrap hereket etmek, oýmudyklap ýöremek. Bu heleý oýmuldap, kynçylygy görmändir (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


OÝMUR-OÝMUR [o:ýmur-o:ýmur], Oý bolup duran, oýulyp duran. Kündügiň jüründiginden guýulýan ýaly asmandan eňýän ýagyş bolsa kä ýerde oýmur-oýmur köl turuzýardy («Mydam taýýar» gazeti). Päkize gar bilen örtülen çägäniň ýüzünde oýmur-oýmur yz galdyryp, yzyna dolandy («Kolhoz günleri»). Ýoluň kenarynda oýmur-oýmur şorluk meýdan duzlag ýaly agaryp ýatyrdy. Olar käte oýmur-oýmur takyrlardan geçýärdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).