ÝOK I, Ýokup galan galyndy, ýokundy. <>Ýo k bolmazlyk örän az bolmaklyk Ikimiz iýjek bolsak, agzymyza ýok hem bolmaz («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). ÝOK [ýo:k] II, 1. Bir zat inkär edilip jogap berlen-de aýdylýan modal söz.. Ertir teatra gitjekmi? Ýok. 2. Bar bolmadyk. Tejende az sanly gyzyl gwardiýadan başga goşun güýji ýokdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýok ýerden bar eden, ýonuşgadan don eden (nakyl). Ýoga çykarmak bolgusyz zada harçlap gutarmak, ýok etmek, ýoklamak. Artyk onuň ýohuna köýmek çäresine girişdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝOK bolmak1) baş alyp gitmek; 2) ýitmek. ýogalmak. Ek etmek 1) ýitirim etmek, ýitirmek, ýoklamak. Zadyny ýok etmek; 2) ýatyrmak, aýyrmak; 3) derbi-dagyn etmek, çym pytrak etmek ÝOKANÇ, Mikroblar arkaly ýaýrap, kesel döredýän. Emma ýokanç kesel etmesin hassa, Hüşgärlik derman-dyr, biliň siz, ýaşlar! (Mollamurt, Saýlanan eserler). Siňekler ýokanç keselleri. ýaýradýarlar (S. K-Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş). ÝOKANÇLY, Başgalara ýokuşýan, ýokanç keseli bar bolan. Trahoma örän ýokançly keseldir (S. K. Karanow, Trahoma we ona garşy göreş). ÝOKANÇSYZ, Başgalara ýokuşmaýan, ýokançly däl. ÝOKARKY, Ýokary bölekdäki, bir zadyň üstündäki, ýokardaky. Durdy ştab wagonyna girip, ýokarky polka-da ýer tutanda, eşelon herekete başlady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ýokarky dodagynyň aşagyndan pugta gysylgy dişleriniň ak süňki. ýaldyrap görünýerdi (M. Gorьkiý, Ene). ÝOKARLANMAK, 1. Ýokary galmak, beýgelmek, asmana göterilmek. Samoliot barha ýokarlanýar. 2. Öňki derejesinden artyp başlamak, köpelmek, galmak. Ekin meýdanlarynyň girdeji berijiligi ýokarlanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gullukçylaryň zähmet haklary ýokarlanýar. 3. Möwç almak, güýjemek. Aralaşan gozgalaňyň barha ýokarlanýan tolkunynyň täsirine berlip, bütin märgke geň we güňleç wagyrdaýardy (M. Gorьki, Ene). 4. Gowulanmak, oňatlanmak. Kolhozçy köpçüliginiň hal-ýagdaýy ýokarlanýar («Kolhoz günleri»). ÝOKARLATMAK, 1. Ekary galdyrmak, beýgeltmek. Liotçik samolioty gitdigiçe ýokarladýar. 2. Öňki derejesinden artdyrmak, köpeltmek, galdyrmak. Bahasyny ýokarlatmak Bilim derejesini ýokarlatmak. 3. Möwç aldyrmak, güýçlendirmek, işiň depginini artdyrmak. 4. Gowulatmak, oňatlatmak. Durmuş derejesini ýokarlatmak. ÝOKARLAŞMAK, 1. Birneme ýokary galmak, beýgelmek. 2. Öňki derejesinden birneme artmak, bir azajyk köpelmek, galmak. Hil taýdan ýokarlaşmak. 3. Birneme möwç almak, bir azajyk güýçlenmek. 4. Gowulaşmak, oňatlaşmak. Ilatyň maddy hal-ýagdaýy ýokarlaşýar. ÝOKARLYGYNA, 1. Ýokary tarapa, beýikligine. Ol gara murtlaryny ýokarlygyna towlapdyr (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim). 2. Gündogar tarapa, gündogara. Öňündäki beýik haýatyň etegi bilen ýokarlygyna syryp, köçä düşdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). ÝOKARY. 1. Ýerden asmana tarap bolan ugur, beýiklik, asman. Ejem bu günki howanyň ýagdaýyny bilmek üçin ýokary seretdi 2. Aşakdan ýokarlygyna, belent. Ol özüniň döwük äýnegini ýokary galdyrdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Ýokary galdyrdy-da, ýene oturgyja hylçyldadyp goýdy (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde). 3. Artyk, köp, zyýat. Şondan ýokary bir şaýy hem berip biljek däl (M. Ibrahimow, Ol gün geler) Kolhozçylar şu ýyl pagtadan ýokary hasyl aldylar 4. Gowy, artyk, göreldeli. Özüňden aşagy gör-de. şükür et, özüňden ýokaryny gör-de, pikir et (naçyl) 5. Gymmatly, belent, möhüm. Mollanepes şu dünýä ýaşaýşyny hemme zatdan ýokary tutýar. («Edebiýat»). 6. Aňry tarapa, öň tarapa, ýokaryk. Cagadyň dili barha ýokary süýşýär («Sowet edebiýat žurnaly). Begenç melemtil jalbaryny çyzgap, dyzyndan ýokary geçiripdir.(B. Kerbabaew, Aýsolta) 7. Günüň dogýan tarapy, gündogar. Ýokary tarapa hereket etmek. 8. Belent äheňli, inçe (ses hakda). Ýokary (ähenli) aýdymlardan aýtmak. 9. Güýçli, batly ýokary depgin bilen artýar sanymyz (Ata Salyh, Saýlanan eserler). 10. Öz ähmiýeti boýunça görnükli, hormatly, uly. Ol baýak Elliniň agasy meni ýokari işe çekjek boldy (A.Gowşudow. Köpetdagyň eteginde) Ýokary sylag. ýokary baha. 11. Iň onat, iň gowy. Ýokary sortly haryt. Ýokary hilli önüm. 12. «Ýolbaşçylyk edýän, baş» diýen ýaly many aňladyp, edara atlaryna goşulyp ulanylýan söz. TSSR Ýokary Sowetiniň Pöwrizedäki daçasyny baryp gördük (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). 13. Magaryf sistemasyndaky basgaçak, dereje hakda: Jemleýji, tamamlaýjy. Ýokary bilim alyp çykmagy ozal bir wagt wadalaşypdylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Uly ogly. bolsa ýokary mekdepleriň birini gutaryp barýar (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). 14. Öýüň töri, tör. Ýokary geçip oturjak däl diýip, iç işikde aýak üstünde oturdy-da, aman-esenlik soraşdy (A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 15. Kömekçi söz rolunda: Samoliot dagyň ýokarsynda uçýardy. <>Ýokary göteriliş Möwç alyş, ýaýbaňlanyş, ösüş. ý ü z ü ň i ýo k a r y t u t m a k ser Ýüz. Näme beýle ýüzüňi ýokary tutup, görmedik bolup barýarsyň? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). ÝOKARYK [ýokary:k], Ugur, tarap görkezýän hal sözi. Ýokaryk geçip oturmak. ÝOKDURMAK, 1. Bir zada yz, tegmil galdyryp hapalamak. Mehinlä buýur, onuň geýim-gejimine kir ýokduraýmasyn (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). 2. Ýokanç kesele ýolukdyrmak. <> Gara ýokdurmak ser. G a r a. Bigünä adama gara ýokdurjak bolmak. ÝOKLAMAK [ýo:klamak]. 1. Birini ýa-da bir zady ýat etmek, ýatlamak, küýsemek . Gyrat Göroglyny ýoklap bir kişňedi («Görogly» eposy). Maýsa ýene-de bir zady ýoklaýan ýaly, böwrüni diňleýärdi. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). 2. Ýok etmek, ýitirmek. 3. Sarp etmek, harçlamak. Alan depderleriňi nirä ýokladyň? Ol eline düşen 10 manady bir ýerde-hä ýoklapdyr 4. Ýoguna ýanmak, öldürmek. Gizylhany tutmaly ýa-da ýoklamaly. Men ony öz elim bilen ýoklaryn! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim)
ÝOKLANMAK [ýo:klanmak], 1. Biri ýa-da bir zat ýat edilmek, ýatlanmak, küýselmek. 2. Ýok edilmek, ýitirilmek. 3. Sarp edilmek, harçlanmak. 4. Ýoguna ýanylmak, öldürilmek. ÝOKLUK [ýo:kluk], Biriniň ýa-da bir zadyň bolmazlygy, bar bolmazlyk, ýok bolmaklyk. Ýolbarsyň ýoklugy Durdy agany has-da kösendirdi (J. Akyew, Mergeniň ogly). ÝOKMAK, 1. Bir zatda yz, tegmilt galmak, ýokuşmak.Geýime ýokan çyrşagy arassalamak kyn däl, emma ýürege ýapyşan posy saplarlyk derman ýok («Sowet edebiýaty» žurnaly) Gazana ýanaşsaň, garasy ýokar,ýamana ýanaşsaň belasy (nakyl). 2. Ýokanç kesel ýokuşmak. Munyň kel bolupdyr, gijilewük keseli ýokup-dyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). 3. Ýokumly bolmak. ýaramak. Miwe suwy maňa ýokýar. 4. Täsir etmek, sözümiziň ötmek. Biz näçe «gel» diýip sargaýarys, biziň sözümiziň biri hem oňa ýokanok. Pökgen bir köne pikirli adam, oňa şol pikir Elli Zamandan ýokýarmy ýa-da başgadan ýokýarmy, onçasyny men bilemok (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).
ÝOKNA, Bir zatda galýan ýok, ýokundy, galyndy. Şonuň bilen garybyň garnyna ýokna, ýyrtygyna ýama bolar hasap edýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝOKNASYZ, 1. Hiç hili gep-söz täsir etmeýän, käýelenip bilmeýän, nesihat almaýan, buýrup bolmaýan. Be bu wagtlar meniň penjirämiň agzynda duran ýoknasyz kimkä? («Kolhoz günleri»). Heý, ýoknasyzlar, heý şeýderlermi? Hany, ýör öýe (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). ÝAgdy hem bir ýoknasyz adam eken. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). 2. Suwumsyz, batnyksyz. Ol özüniň ýoknasyz häsiýetleri bilen mekdebiň diwary gazetine hem düşdi (A. Gowşudow, MehriWepa). ÝOKNASYZLYK, 1. Hiç hili gep-söz täsir etmezlik, käýeleninp bilmezlik, nesihat almazlyk, asla gulak asmazlyk. Ýoknasyzlyk etmek. 2. Suwumsyzlyk, batnyksyzlyk. Onuň bu ýoknasyzlygy hemmeleriň lapyny keç etdi (B. Pürliew, Ilkinji gün). ÝOKSUL [ýo:ksul], kön. s. 1. ser. Proletariat. Adamzat bagtynyň nahalyn ekip, Ýoksul, birleş! diýip, ýol salgy berdi (B. Kerbabaew, Eserler toplumy). 2. Barly bolmadyk, garyp, mätäç. ÝOKSULLYK [ýo:ksullyk], Barly dällik, garyplyk, mätäçlik. Ömrüni ýoksullykda geçirdi (Ata Salyh, Dynç alyş wagty). ÝOKUM, Iýilýän zatlardan gelýän peýdaly täsir. Bu iýmitiň ýokumy ýok. ÝOKUML1, Jana ýaramly, peýdaly (iýmit hakda). Aslynda, gawun ýaly adama ýokumly iýmiş bolmaz (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ýokumly maddalar esasan gabykda toplanýarlar (W. A. Tetýurew, Botanika). Şura düzgüni oba aralaryna ýaz şemaly ýaly ýakymly hem ýokuçly ýaýraýar (B. Kerbabaew, Aýgytly edim) . <>Eli ýokumly ser. E l. Bu ýyl mirapçylygy eli ýokumly adamlardan Mämmet hana tabşyralyň (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). ÝOKUMLYLYK, Ýaramlylyk, peýdalylyk, jana siňňinlilik (iýmit hakda). ÝOKUMSYZ, 1. Ýokumly bolmadyk, ýaramly däl, peýdasyz (iýmit hakda). 2. Täsirsiz, batnyksyz. ÝOKUMSYZLYK, 1. Ýaramly dällik, peýdasyzlyk (iýmit hakda). 2. Täsirli dällik, batnyksyzlyk. ÝOKUNDY, 1. Ýokup galan zat, ýokna. Topraga siňen gan ýokundylary galypdy. (B. Kerbabaew, Aýgytly edim). 2. Nyşan, alamat, täsir. Gadymky sadalykdan başga ýeserlik ýokundysyny saýgarmady (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). ÝOKUŞ, Erbet, ýaman täsir edýän. <>ÝOkuş görmek 1) göwnün, galmak, gaty görmek. Bir tarapdan, ejem bilen kakam bar, onsoň aýrylyşypdyr adyna eýe bolmagy men gaty ýokuş görýän.(A.Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). A gyz, beý diýsem, sen berin bir ýokuş göräýmegin.(N. Pomma, Taýlak hyzzyn) 2. bir zady edesiň gelmän, kyn görmek, agyr hasaplamak. Buýrulan ýumşy ýokuş görmek. Iş etmegi ýokuş görýän adam ýok. Ýo k u ş degmek agyr degmek, erbet täsir etmek. Onuň meni goýup gitmegi maňa ýokuş degdi. Artygyň soňky sözi Aşyra ýokuş degdi (B.Kerbabaew, Aýgytly ädim). Agronomyň degişmesi oňa häzir gaty ýokuş degdi («Kolhoz günleri»). ÝOKUŞDYRMAK, ser Ýo k d u r m a k. Ýaş çagaly aýal traholy bolsa we arassaçylygy saklamasa, ol köplenç öz çagasyna trahoma ýokuşdyrýar (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş). ÝOKUŞMAK, 1. ser. Ýokmak 1, Trahoma sag adama hem derrew ýokuşyp biler (S. K. Karanow, Trahoma we oňaga garşy göreş). 2. Täsir etmek, täsirini ýetirmek |