SÖZLÜG

ÝO Türkmen elipbiýiniň ýedinji harpy.

ÝOL [ýo:l], 1. Gatnaw, hereket etmek üçin er zonasy, köpçülikleýin ýörelýän ugur. Guýy obanyň ýokary çetindedi, oňa obanyň ortasyndan ýol barýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Ýola çyksaň, ýoldaşyňy düzet (nakyl). ÝOLY ýörän ýeňer, işi — ýapyşan (nakyl). ÝOldan çyksaň çyk, ilden çykma (nakyl).

2. Ugur, tär, usul. Sorag sözlemi esasan üç hili ýol bilen emele gelýär.

3. Ýolagçylyk, sapar, syýahat. Gözi ýaşdan dola-dola, Şa ugrady uzak ýola (A. S. Puşkin, Ertekiler). Bu ata-ene uruş wagtlarynda git--gel ýol ýagdaýynyň kynçylygyny duýmaýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

4. Bir maksada ýetmäge çalyşýan akym, ugur.Şowly bolmazlyk, ugur almazlyk. Atabaýyň öz ömründe birinji gezek Akmaýany özüne tabyn etmek islegi ýol almady (B. Kerbabaew, Nebitdag). El a ç-tapmak — ugur aldyrmak, öňüni arçamak, arany düzlemek. Tanyşyk wagtynda iki obadaş ÝOL açdy bolmaga ömürlik ýoldaş (A. Kekilow, Saýlanan eserler);

ÝOl kesmek — 1) ýolda gürrüň berip, wagt geçirmek;

2) garakçylyk etmek, ýoldan geçenleri talamak, ýol urmak;

ÝO l b o ý y — ýoluň bütin dowamynda bolup geçýän. Ol ýol boýy iňirdäp gelýär.

Ýol b e r m e k— 1) gelýäniň öňünden sowulmak, geçip gitmäge mümkinçilik döretmek. Altyn dagyny alyp geldiler, dik duran adamlar ýol berdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler);

 2) ygtyýar bermek, rugsat etmek, mümkinçilik bermek. Men onuň beýle bilimsiremegine hiç haçan ýol bermerin (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de).

ÝOl bolsun! — işiň şowly bolsun, sag-aman gidip gel (alkyş). Agaýunus bulara ýol bolsun aýdyp, ak pata berip ugratdy («Görogly» eposy). Rahym aga: — ÝOL bolsun! Saparyňyz nirä? — diýip sorady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

ÝOl görkezmek — ugur görkezmek, öwretmek. Nury diýer üns berýäör işine, Göni ýol görkezip deňi-duşuna (Nury Annagylyç, Goşgular}.

ÝOl gözlemek — çykalga agtarmak. Ýagdaýdan çykmak üçin ýol gözlemek.

Ýol görkeziji — etmeli işleri görkezýän, ýolbaşçylyk ediji.

Ýol salmak — 1) gatnap durmak, köp gatnamak, gelip-geçip durmak;

2) köp gatnap ýol etmek.

ÝOL sökmek — köp ýöremek, ýöräp köp ýol geçmek.

Ýol tutmak-— biriniň ýolunda durmak, ýoluny kesmek, geljek ýolunyň öňünde durmak.

Ýo l  tapmak—1) ýoluň üstünden barmak; 2) bir zadyň ugruny, tärini bilmek. Elbetde, arada oňaýly ylalaşyk bolsa, oňa ýol tapmak aňsat-la (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Ýol urmak — gelen-geçeni talamak. Ýol urmaklyk, ogrulyk işine başlan Allaly paryň öz häsiýetine görä başyndan geçiren aýratyn taryhy bardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Ýol  ogly — näme diýilse edip durýan, garşylyk görkezmeýän. Men ýol ogly («Sowet edebiýaty žurnaly).

ÝOL ogly ýolda ýagşy (nakyl).

Ýola  rowana bolmak — bir ýere ugramak, ýola düşmek. Maslahatdan soň myhmanlar ýola rowana boldular.

Ýo l a  goýmak — düzetmek, ugrukdyrmak, gönükdirmek. Iwan Petrowiç atasy pakyryň ýola goýan tertibini gowşat-dy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

Ýola getirmek — terbiýelemek, düzetmek, oňat terbiýe bermek. Ahlak taýdan bozuk adamyny ýola getirmek.

Ýo l a gitmek — ugra barmak, ugrukmak. Meniň işim ýola gider.(M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Ýola düşmek — 1) bir ýana ugramak, ýola rowana bolmak. Ertesi ejem bilen, bütin dostlarymyz bilen hoşlaşyp ýola düşdük (B. Purliew, Ilkiýaji gun); 2) ugra barmak, ugrukmak.

ÝOla salmak — ser. Ýola goýmak. Sen bu işi ýola sal («Sowet Türkmenistany» gazeti); 2) terbiýe bermek, terbiýelemek, ýol görkezmek. Ony ýola saljak bolup synansa-da hiç täsiri etmedi (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik).

ÝOldan azaşmak— ýalňyş pikire duşmek, ýalňyşlyk goýbermek. Oglum, olar hak ýoldan azaşypdyrlar (M. Ibrahimow, Ol gün geler).

Ýoldan sowmak — azdyrmak, ýalňyşdyrmak, ters ugra gönükdirmek.

ÝOldan çykmak — azmak, bozulmak. Men bir ýoldan çykan boldum («Türkmen pьesalary»).

Ýoluna düşmek — bir zadyň ugrunda hereket etmek, bir zadyň küýüne duşmek. Annaguly şony bilmegiň ýoluna düşdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

ÝOluny gözlemek — biriniň gelmegine garaşmak, birine garaşmak. Tä gün batyp garaňky düşýänçe Saparyň ýoluny gözledi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Geljek diýip ýoluňy gözledip goýduň.

ÝOluň ak bolsun! — ýoluň açyk bolsun, işiň şowly bolsun!

Ýoluň ak bolsun, ýoldaşyň — hak (iakyl).

ÝOluň düşme k—bir söý bilen üstunden barmak. Ýoluň düşen wagty biziňkä-de baryp dur! ÝOluny kesmek — gelýäniň öňünden geçmek. Toýjan Äşebibiniň ýoluny kesdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ýoluň  tanapyny dartmak — çalt ýol ýöremek, ýol aşmak.

ÝOluny  urdurmak — ters ýola düşmek, bozulmak. Ol ýa-ha düýbünden ylymsyz adam, ýa-da ylmy gaty köp okap, ýoluny urduran adam (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Aýdyň ýol — dogry ýol, dogry alyp barylýan ugur.

Ýedi ýoluň ustünde irkilmek — hemmelere belli bolan zatdan bihabar bolmak, bihabar galmak.


ÝOLA [ýo:la], Gezek, sapar, gaýta. Men siziň öýüňize üç ýola baryp gaýtdym.


ÝOLAGÇY [ýo:lagçy], Bir ýere ugran, ýola düşen, gidip barýan adam. Noburlaryň ýaplaryň aralary-da ýolagçylar bilen doludy. Olaryň garşysyndan özleri bilen sandaş ýolagçy çykdy. Diňe uzakdan barýan ýolagçynyň aýdym sesi eşidilýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝOLAGÇYLYK [ýo:lagçylyk], Ýolagçynyň ýagdaýy, ýolagçy bolmaklyk. Ýolagçylyk adaty boýunça içmeklerimize çolanyp gyşaryşdyk (A. Gowşudow' Powestler we hekaýalar). Meni ýolagçylyga iberipmidiň? («Görogly» eposy). Bu uzak ýolagçylyk oglanlary biri-birine has ýakynlaşdyrýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝOLAÝRYT [ýo:laýryt], Bir ýoldan başga bir ýoluň şaha bolup aýrylýan ýeri, aýyrdy.

Bular hem ýolaýrydynda öýli-öýüne sowlup gitdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Hol ýolaýrytda irden tapyşýardyk biz (R. Seýidow, Bagtlylar).


ÝOLBARS, zool. Pişikler maşgalasyndan bolan örän güýçli, ýyrtyjy uly haýwan, şir, peleň. Bir wagt adamlar ýolbarsy tutup, agaja daňyp goýupdyrlar. Ol tilki bir gün gezip ýörkä, oňa bir ýolbars duş gelip-dir («Turkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

Iki syçan birikse, ýolbarsyň guýrugyny kerter (nakyl).


ÝOLBAŞÇY [ýo:lbaşçy], 1. Bir işiň başynda duran, bir zady dolandyrýan, başlyk. Beýle halylary çykarýan ussahananyň ýolbaşçysy kimkä? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Biz aýal-gyzlary ýolbaşçy işlere çekmeklige aýratyn üns berýäris («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Baştutan, bir işiň başynda bolup, ýol görkezýän. Bu  toparyň ýolbaşçy Atady 

3. Esasy, öňde baryjy. Ähli halk hojalygyny tehnika taýdan ýaraglandyrmakda ýolbaşçy rol maşyn gurluşygyna degişlidir («SSSR-iň ykdysady geografiýasy»).


ÝOLBAŞÇYLYK [ýo:lbaşçylyk], 1. Bir işiň başynda durmaklyk, bir zady dolandyrmaklyk, başlyklyk. Bu gelniň ýolbaşçylyk edýän zwenosy kolhoz boýunça iň öňde baryjy zwenolaryň biri hasaplanýar (B Pürliew, Ilkinji gün).

2. Ýolbaşçy wezipäni ýerine ýetirijilik, baştutanlyk. Her brigadanyň öz bagy, öz zwenosy aýry-aýry hem bolsa, umumy ýolbaşçylyk Nurberdi aganyň boýnundady (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÝOLGUÇ, Tüý, gyl ýolmak üçin enjam,  jüpdek. ýolgujy alyp, sakgalynyň kese eteklerini ýolmaga oturdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÝOLDAŞ, 1. Özüniň garaýşy, işi, durmuş şertleri we ş. m. boýunça biri bilen umumylygy, ýakynlygy bar bolan adam, ýakyn aragatnaşyk edýän adam. Okuwlaryny wagtynda taýýarlamak we ýoldaşlaryna görelde bolmak her bir pioneriň esasy wezipesidir. Är ýigidiň ýoldaşy aýal hem bolsa, gerekli ýerinde men-ä är deregini tutmaly diýip düşünýän (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bir kollektiwiň çleni bolan adam, öz (partiýa, sowet)  sredasyndan bolan adam.

3. Ýüz tutulyp aýdylýan söz. Ýoldaşlar,  Sowetler häkimiýeti siziň öz1 işçi-daýhan. Häkimiýetiňizdir.(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).Hawa, ýoldaş başlyk, aldym, çagyryşyňyza-da ynha geldim (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

4. Biri bilen ýoly bir bolan adam, biri bilen ugurdaş ýolagçy.

Uzadandan ýoldaş bolmaz    (nakyl).

5. Planetanyň daşyna  aýlanýan asman jisimi, hemra.  Aý — Günüň ýoldaşydyr.

6. med. Çaga bolanda, çaganyň ýany bilen düşýän zat,  eşen.  

* Ömürlik ýoldaş — är-aýallyk aragatnaşygy, ýagdaýy. Mollanepes Bossantäç atly gyzy söýüpdir we onuň bilen ömürlik ýoldaş bolup-dyr     («Edebiýat»).  Ýan  ýoldaş — ser.    Ömürlik ýo l d a ş.


ÝOLDAŞLYK, 1. Ýoldaşa mahsus bolan, ýoldaşlarça gatnaşyga esaslanýan, dostlukly. Oňa ýoldaşlyk kömegini berdiler («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Bilelikde dostlarça geçirilýän, deň hukukly gatnaşylýan. Ýoldaşlyk naharlaryna gatnaşýanlaryň her biri azyk getirmeli bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy).

3. Resmi ýaryşlardan daşarda bolup geçýän, dostlarça geçirilýän. Küştçüleriň ýoldaşlyk duşuşygy. Sportuň dürli görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirilýär.


ÝOLDURMAK, 1. Bir zady çekip, sogrup aldyrmak. Gözel jigisine bägül ýoldurdy.

2. Çekip, dartyp üzdürmek. Bu ýüp oňa ýoldurmaz.

3. Çekip sogurtmak, ütdürmek. Deriniň ýütsüni ýoldurmak.

4. göç. m. Aldyrmak, gidermek, ogurlatmak. Birine zadyňy ýoldurmak.


ÝOL-ÝODA [ýo:l-ýo:da], 1. Uly ýol ýa-da maýda ýodalar. Maşynlar ýol-ýoda diýmän, çarkandak diýmän, gös-göni dazlaşyp gelýärdiler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Iş usuly, ugur. Dünýäň ýüzüniň hemme agronomlarynyň hem. ýol-ýodasy, päli-niýeti bir ahyryn (A-Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

ÝOLKA, 1. Hemişe gök bolup duran arça menzeş pürli agaç. Biliň, bir tokaýda ösüpdir ýolka, Ol ýolkaň üstünde oturýar belka (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). Diňe sosnalar bilen ýolkalar ozalkysy ýaly gök salýarlar.

2. Täze ýyl baýramynda otagda bezelip goýulýan ýolka agajy. Täze ýeňişleň ýoly Ýolka bilen açylýar («Pioner» žurnaly). Bagtlar isläp, Ýolka besläp, Çagalar hem ýatanok (R. Seýidow, Bagtlylar).


ÝOLLAMAK [io:llamak], Birini ýa-da bir zady bir ýere ibermek, ugratmak. Pökgeni tutup, Sibire ýollamak üçin pristaw nökerlerini iberipdir (A. Gowşudow, Köpetdagyk eteginde). Doganyň ýollandy saňa bir sowgat (T. Esenowa, Güller). Owal başda salamym saňa ýollaýan gülüm (N. Pomma, Saýlanan eserler). Obadan hem hat yollapdym («Sowet edebiýaty» žurnaly). Agyr durmuş ony eklenç gözleginiň agyr syýahatlaryna ýollapdyr («Edebiýat»).


ÝOLLANMAK [ýo:llanmak], Bir ýere iberilmek, ugradylmak. Olara kömek bermek üçin, rytsarlaryň täze otrýadlary ýollanypdyr (Orta asyrlar taryhy).


ÝOLLATMAK [ýo:llatmak], Bir zady bir ere ibertmek, ugratmak.


ÝOLMA', Gyrkylyp däl-de, ýüňi ýolnup aýrylan gowkalyk deri ýa-da ýüň.


ÝOLMAK, 1. Bir zady sogrup ýa-da üzüp aýyrmak, almak. Aýsoltan öz göwsüne galtaşyp duran gowaçanyň bir ýapragyny ýoldy. Emaý bilen ýolnan üzümler ýaşşiklere gaplanýar (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Çekip, tartyp üzmek, gyrmak. Ýüpi ýolmak.

3. Ütmek. Men olaryň tutan guşunyň guýrugyny bir eýýäm ýolup goýberipdim (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Deriniň ýüňüni ýolmak.

4. Arasyny kesmek, bölmek. Olar demir ýoly yolmagyň tärini tapmadylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Okalyp duran lektsiýany ýoldy-da, sorag bermäge başlady.

5. göç m. Aldap almak, ýonmak.

* Köküni  ýolmak — ser. Kök I. Dowulçy, gorkaklaň köküni ýoldy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


ÝOLMALAMAK, 1. Ýolup-ýolup aýyrmak, çekişdirip ýolmak. Öwez tüýüni ýolmalap oturan telpegini penjeledi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. göç. m. Birini erjellik billen dalamak, dyrnaçaklamak.


ÝOLMALAŞMAK, 1. Ýolmalamaga kömekleşmek.

2. göç. m. Biri-biriňi ýolmalamak, erjellik bilen dalaşmak, dyrnaçaklaşmak. Ol oglanlyk döwründe biri--birlerini ýolmalaşyp gidýänlerini gözüniň öňünden geçirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝOLMALAŞYK, Biri-biriň bilen ýolmalaşyp edilyän basalaşyk, uruş, dalaşyk. Olaryň arasynda ýolmalaşyk başlandy. Ýolmalaşyk etmek.


ÝOLUK, 1. Ýolnup aýrylan, üzük, gyryk. Ýoluk ýüp.

2. Ütülen, ýolnan. <>Ýeňi ýoluk — ser. Ýeň. Baý malyny bakýarlar Garyp — ýeňi ýoluklar (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


ÝOLUKMAK, Duçar bolmak, sataşmak, duşmak, uçramak. Bilmeýän sen muňa nireden ýolukdyň? (M. Ibrahimow, Ol gün geler). Kelläňe gaýsar diýen bir dert ýolugypdyr («Görogly» eposy). Myhmanlar: — Bu öýe ýaman zat ýolugypdyr, biz beri basym gaýdaly — diýenler («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


ÝOLUNMAK, 1. Sogrulyp ýa-da üzülip aýrylmak, alynmak. Ýeri, bäş sany gülüň ýolnanda näme bolupdyr? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Çekilip,dartylyp üzülmek, gyrylmak. Gylboýun hem dostlarynyň ölenine gynanyp, içini çekip, başyny ýaýkapdyr weli, boýny yolnup gidipdir  («Türkmen halk ertekiler

ygyndysy»).

3. Ütülen bolmak, ütülmek. Baggoýnuň derisniň ýüňi ýolundy. 

4. Arasy kesilmek, bölünmek.


ÝOLUŞDYRMAK, 1. Köp ýolmak, ep-esli ýolmak, ýolup çykmak, ýolup gutarmak, üzüşdirmek. Faşist başyn garpyz dek ýoluşdyryp taşlapsyň (R. Seýidow, Saýlanan eserler). Bişmedik almalary yoluşdyrmak.

2.Ýolum-ýolum etmek, üzüşdirmek, gyryşdyrmak. Ýüpi ýoluşdyrmak.

3. Ütüp çykmak, ütüşdirmek. Tilki haýdan-haý garganyň ýelegini ýoluşdyryp başlaýar («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Sakgalyny ýoluşdyryp gyzylýetene edeýin — diýip, çynlakaýlyk bilen aýtdy. (A. Gowşdow, Köpetdagyň eteginde).


ÝOLUŞMAK, Ýolmaga kömekleşmek, özara, bilelikde ýolmak.


ÝOLÇY [ýo:lçy], Ýol gurluşygynyň spetsialisti, ýol gurluşygynda işleýän adam. Ol Duşaga gidýän ýoluň birinji budkasynda ýolçy bolup işleýär (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).