SÖZLÜG

ÝO Türkmen elipbiýiniň ýedinji harpy.

ÝOW, kön s. 1. Duşman, ýagy. Ýeňmeklik üçin ýowy, Ofitser bolmak gowy («Pioner» žurnaly). Ýurduň daşyn hem için, ýowdan goramak üçin, Saklapdyr köp goşuny (A. S Puşkin, Ertekiler).

Arkalaşan ýow gaýtar (nakyl). Ýow gaýtsa, agsak ozar (nakyl).

2. Uruş, söweş, jeň .

Gitleriň ýakan ýow ody ýanmadyk dek öçdi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Ýow üçin atyň gazykda daňylgy galmagyny örän erbetligiň nyşanasy hökmünde görýärdiler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


ÝOWAR, Biriniň hojalyk işine kömek bermek maksady bilen köpçülik bolup meýletin ýerine ýetirilýän iş (köplenç bir günlük) .

Ýowara ýygnanan daýhan örän kändi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Komsomollar ýowar edip, oňa täze ýurtdan jaýjagaz salyp beripdirler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol haýsy bir işiň gyrasyndan barsa, edil ýowara baran ýaly, işiň aman-zamanyny bermeýädi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

Gezelenç bag ýerini bejermek, obaň köçelerini hem ýaplaryny bejermek işlerine biz gün sarp edemizok, olary kolhozçylar işlerinden soň, ýowar şekilinde işläp bejerýärler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÝOWARÇY, Ýowara gatnaşyjy.

Ýowarçylar biri-birlerine meçew berip, kömek işini özleriniňkiden. jäht tutýardylar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝOWUZ, 1. Ýaman, erbet.

Eý, aldanan, ýowuz güne düşen adamlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Wepa azajyk salym uruşda bolan wagtynyň içinde ýowuz günlerde edermen ýoldaşyň dogandan hem artyk ekenligini eýýäm aňlapdy (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).

2. Gazaply, rehimsiz. Agşamara bolan pille, Tokaýlarda ýowuz halda Duşman dişin gyjaýardy (N. Pomma, Saýlanan eserler)


ÝOWUZLYK, 1. Ýamanlyk, erbetlik.

Adamlara ýowuzlyk däl-de, ýagşylyk getirýän başga güýçler-de bolupdyr (Gadymy dünýä taryhy).

2. Gazaplylyk, rehimsizlik

Halk bagşylary ýowuzlyga garşy göreşdäki üstünlikler hakynda gürruň berip gelipdirler (SSSR taryhy).


ÝOWŞAN, bot. Ownuk gülli, ýiti ysly mal iýýän we ýakmak üçin peýdalanylýan pürli ösümlik.

Aňňat--aňňat çölleriň üstünden aşyp gelýän pessaý şemal çogan, ýowşanlaryň çygly ysyny getirdi (B Kerbabaew .Aýgytly ädim)


ÝOWŞANLYK, Ýowşanyň köp bitýän ýeri. .