SÖZLÜG

ÝO Türkmen elipbiýiniň ýedinji harpy.

ÝORGA, 1. Esasan atyň bir wagtda öň we yzky sag aýaklaryny hem-de öň we yzky çep aýaklaryny atyp ýöreýşiniň bir görnüşi.

2. Ýorgalap çapýan at. Halnazaryň ýorgasy eýerlendi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bu ýorga sürüp gezýän gopbamsy çaldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÝORGALAMAK, Ýorgasyna gitmek, ýorga gezeri bilen gitmek. Dor alaşa käkilik ýaly ýorgalap barýar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Üstüne münülmegine mehetdel mes maýa ýorgalap gitdi («Kolhoz günleri»). Gel, bir hile edeli: sen şol gyzjagazlaryň yzyna düşüp git, men hem uçup bilmeýän kişi bolan bolup, öňlerinden ýorgalap gaçaýyn («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).


ÝORGALATMAK, Ýorgasyna sürmek, ýorgasyna çapdyrmak. Kimlerdir gök ot ýükli eşegini ýorgaladyp barýar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Sary aga dor alaşasyny obanyň içi bilen ýorgaladyp, niredir demirgazyk-gündogar tarapa haýdap barýardy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ÝORGALYK, Ýorgalap gidiş, ýorga gezeri bilen ýöreýiş.


ÝORGAN, Ýatylanda üstüňe örtmek üçin arasyna pamyk, ýün, elek salnyp tikilen körpe, örtük. Nepis nagyşly Mary sandygynyň üstüne münder-münder edilip ýorganlar, per ýassyklar galdyrylypdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Bolýar, oglum! — diýenden soň, Annaguly ýorganyna girip uklady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Pökgen heniz gutulyp ýorgandan çykman-ka, Hojam aga hem geldi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÝORGAN-DÜŞEK. Ýatylanda üste ýapynmak, aşaga düşenmek üçin gerekli ýorganlar we düşekler. Onuň jaýy, ýorgan-düşegy, gap-gajy, ýeterlik iýmiti hem bar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Men ýorgan-düşegimi ýygnaşdyrdym-da, äpişgeleri açmak üçin ugradym («Pioner» žurnaly).


ÝORGANLYK, Ýorgan çekmek üçin gerekli bolan. Ýorganlyk ýüň. Ýorganlyk pagta.


ÝORGUN, ser. Ýadaw.


ÝORGUNLYK, ser. Ýadawlyk.


ÝORGUT, 1. Düýşüň we ş. m. manysynyň düşündirmesi, täleý. Ýaşuly, bu düýşüň ýorgudyny özüň aýdaýmasaň, menden-ä ýoran ýok. Seniň düýşüň ýorgudy ýaman (H. Pomma, Taýlak hyzzyn).


ÝORDURMAK, Täleýe garatmak, düýşüň we ş. manysyny düşündirtmek, ýorgudyny aýtdyrmak.


ÝORKA, Ýukajyk barda, perde.Günüň tegeleginiň öňüne ýorka çekilen ýaly, sarymtyl symgylt bolup howanyň ýüzi  çaňjaryp  görünýärdi   (B. Kerbabaew,Aygytly ädim). Ol başlar gutulandan soň, görejegiň ýüzünde yorka peýda bolýar    (S.  K.  Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş).


ÝORMAK  I,   1. Düýşi kesgitlemek, düşündirmek, ýorgudyny aýtmak. Her gije düýşde görýärdiň, Ir tur, ýagşa  ýorýardyň .(Nury  Annagylyç,   Saýlanan eserler)- Artyk demini dürsänden soň, öz ýanyndan düýşüni ýordy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Hasap etmek, hasaplamak, bir zatdan görmek. Ekzamenden geçip bilmeginini Artyk ýok zatlara ýordy  («Mydam taýýar» gazeti).


ÝORMAK II, ser. Ýadatmak. Artygy uzak günüň oragy ýadatmasa-da, şol agyr oýlaryň    beren  azaplary ony ýordy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÝORTMAK, Ylgap gitmek,    ýüwürmek, çalt   ýöremek. Maşyn  bolsa çölden  ýortup  barýardy   («Sowet edebiýaty» žurnaly).   Arap at meýdanda ýortar, Goç ýigidiň rysky artar («Görogly» eposy). Ol iki ýan ýortup gezdi (R. Seýidow, Bagtlylar).

Köp ýortan bir taýar (naşl). ,Ýortan ozar, ýatan tozar (nakyl).


ÝORULMAK I,  Düýşüň ýorgudy  kesgitlenmek, ýorgudy-aýdylmak.  Onuň gören düýşi ýoruldy


ÝORULMAK II, ser. Ýa d a m a k. Köp ýöräp ýorulmak. Işläp ýorulmak.


ÝORUNJA, bot. Mal iýmiti üçin ekilýän näzik baldakly, kiçijik ýaprakly,  mawy  gülli    ösümlik, ot. Ýorunja ekmäge hem güýzlük bugdaý ekmäge taýýarlanmaly (A.  Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Gül açypdyr gowaçalar, Ýorunja geçipdir dyzdan (Çary Aşyr, Poemalar). Ýoruýuja biziň arryk düşen  ýerlerimizi mes edýär.(A.Gowşudow, Köpetdagyň  eteginde).    Eken 30 g gektar ýorunjasy  häzir  bir  kemsiz  ýetişip, mawy gül bolup otyr («Tokmak» žurnaly).


ÝORUNJALYK, Ýorunjanyň köp ekilen ýeri. Oraz kaka, ýorunjalykdan aty tapmadym (A. Durdyew, Saýlanan eserler).