SÖZLÜG

ÝO Türkmen elipbiýiniň ýedinji harpy.

ÝOMAK, Ýiti sözli degişme, ýiti sözli aýdyşyk, şorta söz. Her kimiň gürrüňini diňlemegi, gerek bolan replikany ýa-da ýomagy öz wagtynda aýtmagy başarýardy. («Mydam taýýar» gazeti). Aýdym aýtdyk, tans etdik, ýomak atyşdyk («Sowet edebiýaty» žurnaly). Sary şol Sarydyr. Ol ýomagyny goýmaz (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy).


ÝOMAKÇY, Ýomak atyşýan adam, ýomaga ökde adam. Ol örän dili duzly, ýomakçy bir adamdy («Kolhoz günleri»).


ÝOMARLAMAK, Togalap, düýrüp goýmak, alyp gitmek, basmak.


ÝOM-ÝOK [ýom-ýo:k], Zym-zyýa, gürüm-jürüm. Goparylan çarçuwalar ýom-ýok edildi («Tokmak» žurnaly). Hanjar urup, ony ýere ýykýar, uýana ýapyşýar-da yom-ýok bolaýýar (M. ÝU. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany).