Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ GULPAGYŇ OGULBIKE ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI
BAŞ GELIN GÜLLERE ORAZYM ÝANYMA
BILE  BILMEDIM GYZLARYŇ SALLANYP  GEÇDI ÝAR, SENI
BOÝUŇA DÖNEÝIN JANA  SÖWDÜGIM SALMA  GÖZÜŇDEN ÝOL BILE
DILIŇ DERDINDEN MAŇA   GARŞY SÖZÜM  BAR SAŇA ZÜLPÜŇ

DILIŇ DERDINDEN


Aşygam, saklana bilmen,

Saýraýan diliň derdinden;

Bilbilem, uklaýa bilmen,

Gyrmyzy gülüň derdinden.


Sen Şasenem, men şasuwar,

Garybyň men, kyl istiwar,

Ýada  salsam  agzym suwar,

Dodakda balyň derdinden.


Ýaraşsyn ýagy illeriň,

Açylsyn  batyl ýollaryň,

Näzikdir inçe billeriň,

Sallanan goluň derdinden.


Ýagşyny ýasan ussalar,

Pähm etmez  akly gysgalar,

Galar gadymky nusgalar,

Hünärli goluň derdinden.


Armanam — öpüp, guçmadym,

Goluňdan şerap içmedim,

Ölinçäm sana geçmedim,         

Bir ýyrtyk juluň derdinden.


Çagyrsam, asyl gelmer sen,

Gelseň-de, oýnap-gülmer sen,

Ne boldy, habar almar sen, .

Kemine guluň derdinden!