Akyl-huşum sen aldyň eý, aýa meňzeş gelin',
Elbetde, habar ýagşy, eýle, göwnüm hoş, gelin
Etgin mähru-muhapbet, tutma özüň daş, gelin,
Ýör, çemene seýil eýle, bolaly ýoldaş, gelin,
Tä ölýänçäm ugruňda, men goýar men baş, gelin.
Dişiň misli merJendir, agzyň pisse dahandyr,
Sözleşmäge birjejik, diliň şirIn zybapdyr,
Kirpikleriň Jan algyç, iki gaşyň kemandyr,
Bilbil ýüzün görmese, işi agy-pygandyr,
Ekdi edip saklasaň, men- eliňde guş, gelin.
Günde ýüzün görmesem ýetmez menIň kararym,
Näz-kereşme diýip aldyň, ýok indi namys-arym,
Her zülpüň muň tümendir, eý, ak ýüzli nigarym,
Iýmäň içmän sermener men, didaryňdyr mylarym,
Tä ölýänçäm bir sen diýp, etmen özge iş, gelin,
Derdime derman boldy her bir aýdan sözleriň,
Kinäň bolsa aýyr, gelin sowma menden ýüzleriň,
Bagrymny eredipdir jellat gara gözleriň,
Her işde ýolbaşçysy gelinleriň-gyzlaryň,
Gundiz sen diýp gezýän men, gije ýatsam düýş gelin.
Kemine diýr, eý, dostum.bu dünýä biwatandyr,
Geler-geçer, eglenmez, dünýäni kim tutandyr,
Aşyk Perhat Şirin diýp, daglar gazyp ýatandyr,
Men hem seniň ugruňda, sen diýp ömrüm ötendir,
«Gel» diýemde, gujagma gel, aýa meňzeş gelin.