Türkmen aýdymlary

Aýdym adamlaryň baky hemrasy. Adam aýdym bilen durmuşyň belentliklerine gadam urýar.

Türkmen halk aýdymlarynyň iň gowy nusgalaryndan.

** Görogly eposyndan.

** Leýli-Mejnun.

** Zöhre-Tahyr.

** Saýatly-Hemra.

** ŞASENEM-GARYP.

** Nejep oglan.

** Hüýrlukga- Hemra.

** Asly-kerem.

** Gül-bilbil.

** Gül-senuber.

** Magtymguly.

** Mollanepes.

** Kemine.

** Zelili.

** Her çemenden bir gunça.

BARSAM YNANMAZ GULPAGYŇ OGULBIKE ŞOL ÝAR ÖLDÜRDI
BAŞ GELIN GÜLLERE ORAZYM ÝANYMA
BILE  BILMEDIM GYZLARYŇ SALLANYP  GEÇDI ÝAR, SENI
BOÝUŇA DÖNEÝIN JANA  SÖWDÜGIM SALMA  GÖZÜŇDEN ÝOL BILE
DILIŇ DERDINDEN MAŇA   GARŞY SÖZÜM  BAR SAŇA ZÜLPÜŇ

GYZLARYŇ


Dagьщ gary gardan-gara ulaşar,

Gijeler  ýatyrmaz  näzi  gyzlaryň,

Birisi nuh edip, äre ýetişse,

Ol gün ýasaw tapar bary gyzlaryň.


Baýyň  gyzy şagalaňda  şaýlanar,

Şaýlanyban beýleräge saýlanar,

Pukara ýigitler neneň öýlener,

Näzin  artdyr keli, köri gyzlaryň.


Baýyň gyzy sürter haram teňňesin,

Birin alsaň, alyp bolmaz öňňesin,

Dost tutunsaň, ýagşy gyzyň ýeňňesin,

Eňnesinde ygtyýary gyzlaryň.


Pasly-bahar bolsa, açylsa läle,

Bilbil huruç edip, geler hyýala,

Ýuka köýnek geýip, ýörse şemala,

Düwme-düwme bolar nary gyzlaryň.