Meýhana men mestiňden, messana, Ogulbike,
Hem ülpeti dostuň men, diwana Ogulbike,
Hoş reftaru-hoş güftar, dürdäne, Ogulbike,
Adyň bilen aşna men, bigana, Ogulbike,
Bir ýorganu-bir ýassyk, döwrana, Ogulbike.
Bir bilbili-şeýda men, nala-wala eder men,
Her sagat örtener men, köýüňde derbe-der men,
Ten mende, janym sende, sensiz jany neder men,
Sen bir Leýli, men Mejnun daga-daşa gider men,
Men janym bilen aşna, bigana, Ogulbike.
Sowuk sözden sim alyp, azypdyr-la ýaramyz,
Daşdan gören bir diýsin, golaý bolsun aramyz,
Suw seňrikden agansoň, artmasyn mübtelamyz,
Adam diýip sagynma, her kim görse garamyz,
Maksat: döwran galmasyn, bigana, Ogulbike.
Gyzlar ýanynda ýyldyz, sen özüňi aý etseň,
Gana-gana seredip, husnuň bilen baý etseň,
Bir janym bar, umydym, ýüz müň jana taý etsen,
Ýorgan-düşek, per ýassyk, öz goýnuňda jaý etseň,
Sen ataşa men aşyk perwana, Ogulbike.