Gara gözli, galam gaşly  perizat,
										Aýdabilmen, birje sözüm bar saňa,
										Yşkyňda köýüp men dat bilen bidat,
										Iki çeşmim bir görmäge zar saňa!
										
										
										Şikeste  men, zülpleriňe  baglama,
										Hanjar alyp, ýürek-bagrym daglama,
										Myhmanyň men işigiňden kowlama,
										Gerek dälmi  namys bilen  ar saňa?
										
										
										Dal gerdenden tylla heýkel dakmasaň,
										Humaý gözüň süzüp, gaşyň kakmasaň,
										Ýüz-müň suhan diýsem, bäri bakmasaň,
										Neneň edip  ýaranaýyn  ýar saňa!
										
										
										Kemine diýr, senden istedim wepa,
										Wepa istäp geldim, sen berdiň jepa,
										Yşkyňda hastaýam, sen bergil şypa,
										Şypa istäp geldim, men bimar saňa!