SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ATA

AT I, 1. zool. Münmek üçin ýa-da iş maly hökmünde peýdalanylýan, bir toýnakly iri öý haýwany.

Il oňasa, atyňy. soý (nakyl). Iki at depişer, arasynda-eşek öler (ňakyl).

2. At kelleli küşt figurasy.

* At salmak — 1) atly çozmak, hüjüm etmek,. atly okdurylmak;

2) iki ýaňa alakjap ýöremek.

At gamçylamak — ýüzin salyp gitmek, çapmak.

At tezegini guratmazlyk — bir zat ýa bir iş üçin bir ýere köp barmak, häli-şindi barmak, gatnap irizmek. Aýakly at — gaty çapýan at.


AT [a:t] II, Çaga doglandan soň dakylýan şahsy isim.

Ady Aýlar Aýdan ýüzi ýagtyrak. (B. Kerbabaew, Aýlar).

2. Predmet we düşünje aňladýan sözler.

3. Grammatikada: predmet we düşünje aňladyp, «kim?,. näme?, nire?» diýen soraglara jogap bolýan söz topary. Tatьýana Iwanowna atlaryň düşümler bilen üýtgeýşini düşündirýärdi («Pioner» žurnaly).

4. Goýulýan lakam. Oňa — Erni suwly, sölpi — diýip, at dakyp kötekleýärdiler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

<> A t gazanmak — şöhrata eýe bolmak, işde abraý gazanmak. Bahara Türkmenistanyň at gazanan halyçysy ady berlipdir (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

At bermek — 1) biriniň derejesini götermek, ylmy we ş. m. at dakmak;

2) näme-de bolsa adyny belli etmek.

At dakmak — 1) at goýmak, at bermek;

2) makul bilmezlik, edilen işe göwnüýetmezçilik etmek.

Goşma at — iki we ondan hem köp sözden emele gelen isim, söz. Atgulak, gylgyýruk, kellebaşaýak we ş.m.

Xas at — aýratynlykdaky adam, şäher, ýurt we ş. m. atlary görkezýän söz — at.

Ýaman  ada goýmazlyk — ýüzüni gara etmezlik, ýalan at getirmezlik, abraýdan aýyrmazlyk.


ATA, 1. Çaganyň kakasynyň kakasy, kakaňyň kakasy.

2. dial. Kaka. Atasyz oglan — ýetim, enesiz oglan — esir .(nakyl).

3. Ýaşuly adamlara hormat goýlup, ýüzlenilip aýdylýan söz. Mergen ata, goýber meni, men bu mollajygyň agzyny kül edeýin (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).


ATA-BABA [ata-ba:ba], Nesil boýunça öňki ýaşap geçen adamlar, bir halkyň geçmişde ötüp geçen adamlary. Slawýanlaryň ata-babalary Gündogar Ýewropanyň uly bölegini gadymdan eýeläpdirler (SSSR taryhy). Orsgeldiniň asly ata-babasynyň garyp bolşy ýaly, oňa baý miras hem ýetmändi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Biz bu göreşi ata-babamyzdan öwrendik (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ATABIR-ENEBIR [atabi:r-enebi:r], Bir ene-atadan doglanlar. Atabir-enebir çagalar.


AT-ABRAÝ [a:t-a:braý], ser. Abraý. Sowet alymlarynyň at-abraýy ýyl-ýyldan artýar.


ATAGYZ, Bir zady gysmak we çekip çykarmak üçin gural, gysaç. Aýnur eje atagyz bilen otwiortka sorady (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Ol özüni atagyz ýaly gysýan, bogmak islän penjeden sypmak üçin, barja kuwwatyny toplady (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


ATAIRY, zool. Mör-möjekler toparyna girýän, möýe-meňzeş, zäherli, reňki sary möjek.

Ol hakykatdan hem, ataýry sypatly, dar maňlaýly, gür gaşly, çakan gözli, it dişli, hajjyk agyzly, çüri dodakly, bilbil aýakly agaç etli, garaýagyz, şilliň uzyn aýaldy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ATA'KA, Hüjüm, çozuş. Ataka geçmek.


ATALY-OGUL, Kakasy we ogly manysynda ulanylýan tirkeş söz. Pökgen bilen Hoşgeldi ataly-ogul ýaly tirkeşip, bar gapdallaryndaky gök ýaprakly baglaryň içine girip gitdiler (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Men seniň bilen kyýamatlyk ataly-ogul boldum («Görogly» eposy).


ATALYK, 1. Atanyň ýagdaýy, kakalyk.

2. Öweý ata.

3. Atanyň öz çagasyna bolan mähri, borjy; atalarça.

Sowet adamsy barada atalyk aladasy edilýär («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


ATAMA'N, Rewolýutsiýadan öň kazak  oblastlarynda harby-administratiw wezipeleriň ady.

Şol ýygnakda olar özleriniň naçalniklerini — atamanlaryny hem saýlapdyrlar (SSSR taryhy).


ATANAK, 1. Iki çyzygyň agajyň we ş. m. kesişmeginden emele gelýän şekil, figura.

2. Ýogyn ýüplük egrilýän gural.

3. Haçja görnüşli iki metrlik uzynlyk ölçeg guraly.

* Atanak çekmek—1) atanak görnüşli çyzyk geçirmek; 2) pis, erbet görülmek, neletlenmek. Sen öz hetdiňi tanaman, körlerçe gadam urup, öz ähtibaryňa atanak çekýärsiň («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ATANAKLAÝYN, Atanaga menzeş, atanak şekilli, atanak ýaly kesişýän.

Atanaklaýyn hatarly bäşataryň oňa nähili gelişýänini birin-birin gözüniň öňüne getirýärdi («Sowet Türkmenistanynyn aýallary» žurnaly).


ATANLYK [ata:nlyk], Duýdansyzlyk, säwlik, bilmezlik. Emma atanlykda bir waka bolup, biziň hemmämizi haýran galdyrdy. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


ATAN-SATAN: atan-satan bolup ýörmek — ädimleriňi uzyn-uzyn ädip, tagaşyksyz ýöremek.

Ol atan-satan bolup ýöräp barýardy.


ATARMAK, 1. Ojagyň üstünde goýmak, nahar bişirmek.

Aýallar nan bişirmek, nahar atarmak bilen meşguldy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Ugratmak, ýola salmak. Myhmany atar, başyňy gutar (nakyl).


ATARMAN, Batyr, edermen,  gahryman.


ATARTMAK, Ojagyň üstüne goýdurmak, nahar taýýarlatmak, bişirtmek. Nahar atartmak. Gazan atartmak.


ATARYLMAK, 1. Ojagyň üstünde oturdylmak, goýulmak, taýýarlanyp başlanylmak. Gazanlar atarylýardy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Ugradylmak, ýola salynmak.