SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ATL

ATLAZ, Ýylmanak we ýalpyldawuk ýüpek mata.

Mama gülüň egnine geýnen goşa köýneginiň içkisi atlaz, daşkysy hem gyrmyzy ketenidi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ATLANDYRMAK I, Ata mündürilmek, bir ýere ugradylmak.


ATLANDYRMAK [a:tlandyrmak] II, At bermek, at dakmak. Ol agtyklarynyň içinde öz kakasynyň ady dakylan Wepany ýa-da öz atlandyryşy ýaly Kakany gowy görýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ATLANMAK, 1. Ata münmek, ata münüp gitmek.

Rugsat berseň atlanaýyn, Aýlar jan! (B. Kerbabaew, Aýlar).

2. Bir ýana gitmek üçin ýola düşmek, şaýlanmak.


ATLAS, Geografik kartalaryň we ş. m. tablitsalaryň ýygyndysy.


ATLÝOT, Atlýotika bilen meşgullanýan sportsmen.


ATLÝOTIKA, Hemme taraplaýyn fiziki taýýarlygy talap edýän sport maşky.

<>Ýeňil atlýotika — bedenterbiýäniň bir görnüşi: ylgamak, bökmek, disk zyňmak we ş. m.


ATLY I, At münüp barýan adam. Iki sany atly yzymdan ýetdi (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).


ATLY [a:tly] II, 1. Ady bar bolan, at dakylan. 2. Meşhur, şöhratly, at gazanan.


ATLY-ABRAILY [a:tly-a:braýly], At-abraýa eýe bolan.