SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ATG

ATGAÝTARYM, At çapym aralyk, ep-esli aralyk.


ATGULAK, bot. 1. Kiçijik gülli, baş götirýän haşal ot.

2. Gelin edinilýän ýere eltilýän jübt ýaglyk, mata. Öýüň içinde atgulaklar asylgy durdy.


ATGULAKLYK, Atgulak etmäge niýetlenen, atgulak etmek üçin gerekli bolan. Atgulaklyk mata


ATGYR, 1. Gowy atýan, dogry atýan, mergen.

2. Gyşartman göni atýan (ýarag hakda). Watan ogly, hyzmat edýär Watana, Kesgir gylyç, atgyr ýarag, at bilen (N. Pomma, Saýlanan eserler).