SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

ATY

ATYJY, Gowy atýan adam, tupeň atmaga türgenleşen adam, mergen. Müsüriň ýaýdan atyjylary şöhratlanypdyrlar (Gadymy dünýä taryhy).


ATYJYLYK, Gowy atmaklygy öwrenmeklik, atmaga türgenleşenlik, mergenlik. Onuň iň gowy görýän kružoklarynyň biri-de atyjylyk kružogydy (J. Akyew, Mergeniň ogly). Belki sen, ýadyňda owal ýazypdym, Atyjylyk nyşanyny alanmy (N. Pomma, Saýlanan eserler).


ATYZ, Daş-töweregi çil bilen çeklendirilen kiçiräk ýer uçastogy. Elleri ketmenli gyzlar atyzlary endugan tekizleýärler («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


ATYLMAK, 1. Ot açýan ýarag bilen tüpeňlenmek, ot açýan ýarag göçürilmek.

Şeýle ýakyndan atylmagy zerarly pulemiotyň sesi hem gulaşňy gapyp barýardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Ot açýan ýarag bilen öldürilmek. Ol ýagdaýy gören beýleki itler atylanlaryň ýanyna hasanaklaşyp barýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Oklanmak, taşlanmak, zyňylmak. Guýa atylan daş ýaly bolmak («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


ATYM, 1. Bir zadyň bir ýola atar ýaly mukdary, bir zadyň bir ýola kabul edilýän mukdary.

Atym çaý — diýip, goňşularyma gitdi.

2. Tüpeň bilen atmak üçin mümkin bolan aralyk, okuň kär edip biljek aralygy. Keýikler atyma gabat gelende, tüpeň tarkyldady, (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ATYMLYK, Bir ýola atmak, kabul etmek üçin laýyk bolan mukdar. Bir atymlyk çaý.


ATYR, Kosmetiki serişde hökmünde ulanylýan ysly jisimleriň spirtli ergini. Üzümiň gülüniň atyr ysy dumly-duşa ýaýraýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ATYŞMAK, 1. Biri-biriňe ok atmak, gülle ýagdyrmak.

Sen hiý atyşdyňmy? — diýen sowala ol sowuk jogap bererdi (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).

Bu aýdan sözleryň bary bikärdir, Atyşar men, gaýtarmaýam ýüzümni («Görogly» eposy).

2. Nyşana uruşmak.


ATYŞHANA [atyşha:na], Türgenleşmek üçin ok atylýan ýer, tüpeň atylýan uçastok, jaý.

Her bir ýaragyň özüne mahsus atyşhanalar düzedipdirler (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ATYŞYK, Iki taraplaýyn ok atmaklyk, biri-biriňe gülle ýagdyrmaklyk.

Şol mahal atyşykda, jan alyp, jan berilýän günlerde duýup galdim (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

ATÝA

AT-ÝARAG, Atly goşun esgerine gerekli at we ýarag enjamy.


ATÝATAK, At daňylýan  jaý, at saklanýan ýer.