SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AWA

AWAMAK [a:wamak], Ýiti agyrmak, awuşamak.

Iki elimiň aýasynyň jowrandyryp awamagy meni çirkin seslenmäge mejbur etdi (M. Gorьkiý, Eserler).

* Ýürek awamak — Ser.ÝÜREK

1. Öz-özüne haýpy gelip, ýüregi awaýardy (M. Gorьkiý, Ene). Zwenonyň agzalary ýürekleriniň awaýandygyny aýdýarlar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).


AWANGARD,   1.    Esasy güýçleriň    öňünden ýöreýän harby bölüm.

2. göç. m.    Bir   jemgiýetçilik   toparyň, synpyň öňde baryjy ýolbaşçy bölümi. 


AWANPOST, Öňdäki post ýa-da şeýle postuň ýerleşýän ýeri.


AWAHC, 1. Edilýän zähmetiň hasabyna öňünden berilýän pul, hak. Bir näçe işçä bada-bat awans bermeli etdi («Tokmak» žurnaly). Olaryň zähmetlerine ýygy-ýygydan awans pul paýlamak ýaly maddy höweslendiriş çäreleri oňat ýola goýuldy («Sowet Türkmenistany» gazýeti).

2. Soňundan hasabat bermek şerti bilen öňünden berilýän pul. Komandirowka üçin awans pul aldym.


AWANSIRLEMEK, Birine awans pul bermek, bir maksat üçin öňünden pul geçirmek. Kärhanany awansirlemek.


AWANSIRLENMEK, Awans berilmek, öňünden pul geçirilmek. Kolhozlara pul awansirlendi.


AWANTÝURA, Hakyky güýçleri we şertleri hasaba almazdan, tötäni üstünlik gazanmaklyga niýetlenilip, prinsipsizlik bilen edilýän töwekgel iş.


AWANTÝURIZM, Aňsat üstünlik, peýda gazanmak kül-külüne düşen adamyň prinsipsizlik bilen baş urýan töwekgel işi, awantýura .meýillilik. Emma bir syýasy partiýa-da awantýurizme düşmejek bolsa, öz işini bu hili ýarylyşlara we çylşyrymlaşmalara umyt baglamak esasynda gurup bilmez (W. I. Lenin, Eserler).


AWANTÝURI'ST, Prinsipsiz peýdakeş, awantýurizmiň tarapdary. Syýasy awantýurist ýalan. Dmitriniň obrazy dogry görkezilipdir (A. C. Puşkin, Saýlanan eserler).


AWARA [a:wa:ra], Durmuşda özüne belli bir orun, mekan tapyp bilmän, ygyp ýören ykmanda, sergezdan. Iliňden gitseň awara, Şonda bolar sen biçäre («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»).


AWARALYK [a:wa:ralyk], Durmuşda belli bir orun tapyp bilmän, ygyp ýörmeklk, ykmandalyk, sergezdanlyk.


AWARIÝA, Maşynyň, mekanizmiň hereket edýän, ýöreýän wagtynda zaýalanmagy, bozulmagy, heläkçilik. Aşyrmämmediň burawynyň awariýadan çykmagy,  gysyr sygryň göle guzlaýşy ýaly, adam ömründe bir gezek uçuralýan zat.  Munuň ýaly ýagdaýyň awariýa sezewar etmegi mümkin («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AWARLAR, Dagystan ASSR-nin. ilatynyň bir bölegini düzýän Kawkaz halky.