AWLAG [a:wlag], Aw awlanylýan ýer, awuň bol ýeri. Awçylarnyň awlagy ak maral elden gider («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). AWLAMAK [a:wlamak], 1. Meýdan haýwanlaryny, guşlary atmak ýa-da başga ýol bilen tutmak, aw etmek. Gowaklarda ýaşaýan we haýwanlary daş bilen urup awlaýan wagşy adamlar hakyndaky. gürrüň (M. Gorьkiý, Ene). Biz keýik awlamaga gitmek üçin taýýarlanýardyk («Pioner» žurnaly). ,Ilkidurmuş adamlary haýwanlary üýşüşip awlapdyrlar (Gadymy dünýä taryhy). Birini ýa-da bir zady yzarlamak, yzyna düşmek. ÝAý ýaly gara gaş, ok deý kirpikler, Awlajaga meňzýär golaý ýeteni (B. Kerbabaew, Aýlar). * Göwün awlamak Ser. G ö w ü n. Jeren nähili edende olaryň göwnüni awlap biljegine düşünmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan). AWLANMAK [a:wlanmak], Aw edilmek, aw edilip tutulmak. Geçen güýz hem gyşy bilen awlanan tilkileriň, köwükleriň derileri ýatyr (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Köşgüň diwarlarynyň ýüzünde ýolbarslaryň awlanylyşyny görkezýän şekiller çekilipdir (Gadymy dünýä taryhy). AWLATMAK [a:wlatmak], Aw etdirmek, aw awlap tutdurmak. Jerenim awlatdym düzden, Ganly ýaşym akar gözden («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»). |