SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AWT

AWTO..., 1. teh. Goşma sözleriň «awtomobil» diýen manyny aňladýan birinji bölegi.

Awtotransport — aw-tomobil transporty.

2. Öz..., özüniň... Awtoreferat — öz ýazan referaty.

Awtoportret — awtoryň özüni özi çeken suraty.


AWTOBA'ZA, Awtomobiller durýan, remont edilýän, zapas şaýlar we başga gerekli zatlar saklanýan hem-de daşalýan jaý, ýer.


AWTOBIOGRAFIK, Awtoryň ýa-da ýazyjynyň öz durmuş ýoluny beýan edýän, suratlandyrýan. Awtobiografik roman.


AWTOBIOGRA'FIÝA, Terjimehal, şahsy terjimehal.


AWTO'BUS, ýolagçy gatnadýan köp orunly awtomobil.

Awtobusy görüp, münerler böküp (Mollamurt, Saýlanan eserler). Awtobuslarmy, paýtunlarmy, priborlarmy, arabalarmy, iki ýana gatnaýan adamlarmy ýere gurt düşen ýaly bolup görünýärdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


AWTOGARA'J,  Awtomobiller  saklanýan ýer,  garaž.


AWTOGEMOTERAPI'ÝA, med. Öz ganyny özüne guýmak ýoly bilen syrkawy bejeriş usuly.


AWTO'L, Awtomobil, traktor we ş. m. maşynlary ýaglamak üçin nebitden alynýan ýag. Size berjek. maşynlarymyzyň awtoly ýok ekeni, ertir geläýmeseňiz boljak däl — diýdi («Tokmak» žurnaly).


AWTOMA'T, l. Mehanizmleriň hereket etmegi bilen belli bir işi özbaşdak ýerine ýetirýän maşyn, gural, apparat. Telefon-awtomat.

2. Ot açýan ýaragyň bir görnüşi. Duşman garşysyna awtomat tutduň,, Merdiň göreldesin aljak günüňdir (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Alasarmyk ýagtynyň aşagynda öz biri--birlerine baka pulýemýotdan, awtomatdan dynman ot sowurýarlar (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).


AWTOMATIZA'TSIÝA, Kärhanalary we senagaty, önümçilik protseslerini awtomatik gurallar, maşynlar bilen üpjün ediş.


AWTOMATIK, 1. Öz-özünden mehaniki hereket edýän, işleýän. Otlyny awtomatik tirkemegi girizmek («SSR-iň ykdysady geografiýasy»). Awtomatik tormoz.

2. göç. m. Çalasyn, çalt. Işçiler awtomatik bir halda galtaklary ýokary orun çykarýardylar (M. Gorьkiý, Eserler).


AWTONOM, Awtonomiýaly, awtonomiýa esaslanan. Gyzyl ploşadda awtonom respublikalaryň delegatsiýalary ýygnanypdyr («Pioner» žurnaly).


AWTONO'MIÝA, Içerki kanun çykaryş we dolandyryş işlerini özbaşdak çözmek hukugy; öz-özüni dolandyryş, edara ediş. Ustaw uniwersitetleriň hukugyny we awtonomiýasyny ep-esli giňeldipdi (I. T. Ogrodnikow, P. N. Şimbiriow, Pedagogika).


AWTONOMLYK, Awtonomiýa bolmaklyk, awtonomiýa degişli bolan. Olaryň öňki awtonomlyk galyndylary saklanyp gelipdir (SSSR taryhy).


AWTOPARK, Awtomobilleriň hereket edýän sostawynyň işini dolandyrýan edara. Ol awtoparkda mehanik bolup işleýär.


AWTOR, Çeper, ylmy, tehniki we ş. m. eserleri döredýän, ýazýan adam. Geçmişiň wakalary gadymy awtorlaryň eserlerinde beýan edilýär (Gadymy dünýä taryhy).


AWTOREFERA'T, Awtoryň ylmy eserlerine özüniň gysgaça beýany. Dissertatsiýanyň awtoreferati.


AWTORLAŞDYRMAK, Ýazylan eser bir dilden ikinji bir dile terjime edilende, awtoryň razylygy boýunça esere üýtgeşiklik girizmek. Awtorlaşdyrylan terjime.


AWTORLAŞDYRYLMAK, Awtoryň rugsat etmegi bilen ýa-da onuň ýolbaşçylygy astynda terjimeçi tarapyndan esere üýtgeşiklik girizilmek.


AWTORLYK, Esernň awtora degişliligi, awtoryň esere bolan hukugy.


AWTOTRA'KTOR,-Awtomobil we traktor işläp çykarýan, awtomobile we traktora degişli bolan. Awtotraktor kärhanasy.


AWTOTPANSPORT, Awtomobilь transporty. Awto-transport uly ähmiýete eýedir. Şeher awtotransporty.


AWTOTRANSFORMA'TOR, Elektrik toguny özi regulirleýän gural.