AWULAÝJY [a:wulaýžy], 1. Bir zada awy gatyjy, awy bilen öldüriji. 2. Zäherleýji madda. 3. göç. m. Zyýanly, ters pikir ýörediji, ýakymsyz söz aýdyjy. AWULAMAK [a:wulamak], 1. Bir zada awy gatmak, awy bilen öldürmek, zäherlemek. 2. göç m. Zyýanly, ters pikir ýöretmek, göwne degmek. AWULY [a:wuly], 1. Ser. Zäherli . Bu jaýda bir hili erbet dermanlar saklanypmy ýa-da awuly gazlaryň synag edilýän jaýymy, näme-de bolsa, bir erbet ysy bardy (A. Gowşudow, MähriWepa). 2. Awuşap duran, agyryp duran, ýiti agyryly. Awuly ýara. 3. Elhenç aýazly (howa hakda). 4. göç. m. Zyýanly, ajy, ýakymsyz. Munuň garşy bolup edip biljek. zady hem ýok weli, käwagt awuly dilini ýetirip durýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Içiniň ýelini kemally dökmedik Gullu-han awuly söz urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Eşitdim ýakymsyz awuly sesi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). AWUNDYRMAK [a:wundyrmak], 1. Birini ýiti beden agyrysyna sezewar etmek, biriniň bir ýerini gaty agyrtmak. 2. Birini gynandyrmak, biriniň göwnüne degmek; ynjytmak, çürkemek. Onuň zaryn sesi hemmeleriň ýüregini awundyrdy. AWUSIÝDIK [a:wusiýdik], zool. Derisi sütükli pişge guýruk, kiçiräk gemriji tokaý haýwany. AWUSYZ [a:wusyz], 1. Ser. Zähersiz. 2. Agyry syz, yzasyz, gaty agyrmaýan. Awusyz ýara. 3. Gaty sowuk bolmadyk, aýazsyz. Awusyz howa. AWUSYZLANDYRMAK [a:wusyzlandyrmak], 1. Zähersizlendirmek, awusyny aýyrmak. 2. Agyrysyni aýyrmak, yzasyny aýyrmak. AWUSYZLYK [a:wusyzlyk], 1. Awy gatylmazlyk, awusy ýokluk. 2. Agyrysy bolmazlyk, agyrmazlyk. AWUTMAK [a:wutmak], Agyrtmak, awuşatmak. Atanlykda degen taýak onuň goluny awutdy. AWUŞAMAK [a:wuşamak], Ýiti agyrmak, ötmek, awamak. Onuň gözleri awuşaýardy (M. Gorьkiý, Ene). Arynyň çakan ýeri gaty awuşaýar. AWUŞATMAK [a:wuşatmak], Ýiti agyrtmak, ýiti täsir etdirmek. Ýarany awuşatmak. |