SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AWI

AWIA..., Goşma sözleriň «awiatsion» diýen manyny aňladýan birinji bölegi. Awiazawod işe girişdi.


AWIABAZA, Awiatsiýa enjamlary saklanylýan we göýberilýän ýer


AWIABENZI'N, Awiatsiýada  ulanylýan  benzin.


AWIABO'MBA, uçýandan taşlanylýan bomba. Awia-bomba taşlamak.


AWIADESA'NT, uçýandan duşmanyň territoriýasyna düşürilýän desant, goşun.


AWIAZAWO'D, uçýan we onuň şaýlary ýasalýan zawod. Awiazawod planyny artygy bilen ýerine ýetirdi.


AWIAKONSTRUKTOR, Awiatsiýa konstruktory, awiatsiýa degişli maşynlary we beýleki abzallary oýlap çykarýan spetsialist. Awiakonstruktorlara mynasyp sylaglar gowşuryldy.


AWIAMAÝA'K, uçýanyň ýoluny görkezmek üçin ýörite edilýän üsti çyraly diň.


AWIAMODELÇI, Awiamodel ýasamak işi bilen meşgullanýan adam. Awiamodelçileriň ýaryşy başlandy.


AWIAMODE'L, Howada uçýan apparatlaryň nusgasy, modeli.


AWIAMOTOR, Awiatsion motor.


AWIANO'SETS, Deňiz aýerodromy hökmünde ýörite abzallaşdyrylan harby gämi.


AWIAPAFK, Uçýanlaryň hereket edýän sostawynyň jemlenýän ýeri.


AWIAPO'LK, Harby-howa güýçleriniň polky, awiatsiýa polky.


AWIAPOÇTA, Awiatsiýa bilen daşalýan posta, howa postasy.


AWIATE'HNIK, Awiatsiýa boýunça orta tehniki bilimli spetsialist.


AWIA'TOR, Uçýan surýän adam.


AWIATRA'NSPORT, Awiatsion transport, awiatsiýa boýunça gatnaw işler serişdesi.


AWITAMINOZ, med. Iýmitde witaminiň ýetmezligi zerarly ýüze çykýan kesel.