SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AZG

AZGYN [a:zgyn] I, 1. Ýoldan çykan, ahlak taýdan bozulan.

Uruş oduny tutaşdyrjy, azgyn, bihaýa bakyň (M. Gorьkiý, Eserler). Galyň azgynlar biziň şu günümizi hem köp gördüler (N. Pomma, Taýlak hyzzyn.). Azgynlardan Watanyň aryny aldyk (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

2. Azagan, beterleýän, simleýän. Azgyn ýara.


AZGYN [a:zgyn] II, bot. Gawunyň bir görnüşi, sorty.


AZGYNLYK [a:zgynlyk], Ýoldan çykanlyk, ahlak taýdan bozuklyk.

Her kim bolsa bolsun, hiç ýüz görjek. däl, Azgynlyk edeni sylap durjak däl («Tokmak» žurnaly).


AZGYNÇYLYK [a:zgynçylyk], ser. Azgynlyk.

Biziň aýdyň kanunymyza düşünmedik bolup azgynçylyk etjeklere pugta «düşündiriş» etjek ýörite edara bar (A. Gowşudow, Köpetdagyd eteginde).


AZGYRYLMAK, Biriniň üstüne gaharly gygyrmak, ýüzüni almak, gaty-gaty geplemek.

Indi näme otyrsyň, bar, çaý gaýnat-da — diýip azgyryldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ol meniň öz işim! —• diýip azgyryldy (B. Purliew, Ilkinji gün). Azgyrylyp kempiri ýerinden galdy, Äriniň dulugna bir şapbat çaldy («Edebiýat»).