SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AZY

AZY, Alyn dişlerden aňyrky iýmit çeýnelýän iri we ýasy dişler.

Onuň azy dişli agzy, tegelek ýakal ýüzi gülýärdi («Tokmak» žurnaly). Men agyryp gaty azar bereni üçin, azymy çekdirdim.

*Azyýarma k— mazaly ýetişmek, kemsiz adam bolmak; köpi görmek, dogumly, edenli bolmak. Aýdyşyma görä, boý däl, dulmuşyn, Azy ýaran bir bethaýbat gulmuşyn (B. Kerbabaew, Eserler).


AZYK [a:zyk], Iýmit üçin gerek bolan önüm, iýmit.

Bular çölde goýun bakyp ýörkäler, bularyň azyklary tükenýär («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Azyk kärhanalary döredildi («Sowet Turkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Ilat üçin senagat we azyk ha-rytlary hem şol ýoldan daşalýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


AZYKLY [a:zykly], Azyk bilen üpjün edilen, azygy bar bolan.

Ol çep eli bilen Aýazyň golundan tutup, içi azykly horjuny-da sag eliniň üstünden aşyrypdy (M. Ibrahimow, Ol gün geler).


AZYK-SUWLUK [a:zyk-suwluk], Bir ýere gidilende göterilýän iýmit önümleri, ýol iýmiti.

Çary aga işçileri azyk-suwluk bilen üpjün edýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Sähet daň bilen turup, öz adamlary bile ýola düşmek üçin, azyk-suwluklaryny düýelere ýükleşdirmek işi bilen meşguldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


AZYKSYZ [a:zyksyz], Azyk bilen üpjün edilmedik, azygy bolmadyk. Polýak otrýady kömeksiz we azyksyz galypdyr (SSSR taryhy).


AZYKSYZLYK [a:zyksyzlyk], Azyk bilen üpjün edilmezlik, azygy ýokluk.


AZYRGANMAK [a:zyrganmak], Az görmek, nebsiňe buýrup bilmän, az hasap etmek.

Biz «azyrganan aç galar» bolaýdyk öýdýän, ýagşy ýigit — diýip, Hydyr igenibräk aýtdy («Sowet Türkmenistany» gazýeti). Şol adam ozaldan hem Artygyň bugdaýyny gysganyp, azyrganyp durýardy.

 (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).