AZOBENZO'L, him. Benzolyň azot garyndyly önumi. AZ-OWLAK [a:z-owlak], Az-kem, birneme, birazajyk. Açlyk ýaman zat, az-owlak garbandy (A. Gowşudow, MähriWepa). Az-owlak hat-galam bilenim üçin ony okamaga başladym (H. B. Gogolь, Eserler). A3OT, him. Howanyň esasy bölegini düzýän yssyz, reňksiz himiki element, gaz. Ösümlikler iýmit üçin suwuň kömegi bilen toprakdan azot, fosfor, kaliý hem başgalaryny sorup alýarlar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Azot dury, reňksiz gazdyr (M. H. Skatkin, Jansyz tebigat). AZOTLY, Azot garyndyly, sostawynda azot bar bolan. Azotly kislota. |