SÖZLÜG ;   I- HARPY;


[i:ş], 1. Energiýanyň bir gernüşiniň başga bir görnüşe geçmeklik protsesi, hereketde bolmaklyk. 2. Edilýän, çekilýän zähmet. Iş Sapargüli ýadatmady, gaýtam onuň ýüküni ýeňletdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onuň bu eden işini Mergen aga halamady («Bahar»). Bar-bar işden bar, işlemedik nana zar (nakyl).

Aşy ýok oraza tutar, işi ýok namaz okar (nakyl).

3. Aýlygyň çeşmesi hökmünde haýsy-da bolsa bir guramada edilýän gulluk, kär. Goňşymda bir bag bar, şol bag içinden Ertir işe, öýlän öýe geçýärin («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Zähmet netijesinde döredilen eser we ş. m. Onuň ylmy işi çap edildi.

5. Zähmet çekilip ýerine ýetirilýän zat. Ol edip oturan işini taşlap, daşaryk çykdy.

<>Iş görkezmek — 1) işi üstünlikli ýerine ýetirmek, oňat iş etmek;

2) dert bolmak, azar bolmak, hupbat ýamanyny bermek.

I ş  kesmek — sud edip, jeza bermek, ýyl kesmek.

Iş salyşmak — biri bilen ýaşde aragatnaşyk etmek.

Iş üstünde — Iş başynda, iş wagty,

işde taşlamak — ser S t a ç k a.  

I ş  ukybyny ýitirmek — Iş başarjaňlygyňy gidermek, gurpdan gaçmak, maýyp-müžrüp bolup, işden galmak; garramak.

I ş d e n  çykyşmak — köp wagt işlemän soň işe girişeniňde, oňdt işläp bilmek ukybyňy ýitirmek.

Işden el sowamak — Edýän işiňe sowuk-sala garamak, üns bermezlik.

I ş e  bişişmek — işiň tärini ele almak, işe endik etmek, işe oňat werdiş etmek Mehinli doga ýetim bolup, daýysynyň elinde ösüpdi, ýumruk, ýalylygyndan işe bişişipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Işi gaýtmak — heläkçilige duçar bolmak, eden işi başa barmazlyk, masgara bolmak, erbet ýagdaýa düşmek. Kim uruş isleýän bolsa, onuň işi gaýdandyr (B. Pürliew, Ilkinji gün").

Iş   i ş d e n  geçmek — boljak iş bolup geçmek, gaýtaryp bolmaz derejede aňry gitmek. Iş işden geçensoň, onuň ugrunda ylganyň haýry ýok.

I ş i  kör etmek — işi gutarman goýmak, taşlamak.

Işini  görmek — bagtyny ýatyrmak, betbagtçylykly, erbet ýagdaýa salmak. Atam, enem meniň işim görýärler, tanalmaýan bir ýat ýere berýärler (B. Kerbabaew, poemalar).

Işiň ileri — tutan başlan işiň şowly bolsun!

I ş i ň  pyrryk bolmak — işiň paşmazlygy, erbet bozulmasy.

Gara  i ş — fiziki gýüç goýlup edilýän iş.

Kontrol iş — mekdeplerde geçirilýän ýazuw işi. Öý işi — 1) öý hojalygyna degişli bolan işler; 2) ýerine ýetirmek üçin mugallym tarapyndan okuwça berilýän ýumuş.

IŞ-ALADA  [i:ş--alada], Iş-pişe, iş-güýç;  ünji.

Obanyň içi gündizki iş-alada bilen, hereket bilen dürli-dümen ses bilen doludy. Kolhoz meýdany, iş--alada, gowaça, bag-bakjada hemişekisi ýalydy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).