SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŞD


IŞDEŞ [i:şdeş], Bile bir işde işleýäň kollega. Özüniň işdeş ýoldaşlarynyň ýagdaýy hakyndaky maglumatlary gözden geçirdi («Sowet Türkmenistany» gazeti). Beýleki işdeş ýoldaşlaryň hem gelýärler (B. Pürliew. Ýlkinji gün).


IŞDIRMEK [i:şdirmek], Ýüň, ýüp, ýüplük we ş. m. tarlaryny birleşdirip ýüp etdirmek, towlatdyrmak, bükdürtmek. Häzir gölämize nogta işdirýän — diýip, ejesi ýüň daragyny öňünden aýyrdy-da: — Oglum, ajygansyň, men goýultmak bişirdim — diýdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


IŞDÄ. Nahar iýmäge bolan isleg, meýil. Kadaly gezim edýän sygyrlaryň işdesi gowy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Işde diýeniň şunuňky ýaly bolaýsa, zat dandamasy ýok (N. Pomma. Taýlak hyzzyn).

<> Işdä açylmak — nahar iýmäge isleg, meýil artmak.

Işdäli bolmak. Işdä kesilmek — işdäden galmak, iştä tutulmak, näsaglyk zerarly işdäsiz bolmak. Işdä tutulmak — ser. Işdä kesilmek.

Işdä ýanmak — wagtynda nahar edinmän işdäňi bozmak.


IŞDÄLI, ser. I ş d ä m e n. Men ýaňja iýdim — diýensoň, Annaguly işdäli iýmäge oturdy (A. Durdyew. Saýlanan eserler). Sen ýaman. işdäli ýaly («Görogly> eposy). Bu toparyň arasynda bir adam Töweregne has işdäli garaýar (A. Nyýazow, Şygyrlar).


IŞDÄMEN, 1. Işdäsi güýçli, işdä bilen, horan, işdäli. Merdan olaryň işdämen, iýşilerine syn edeninden soň gitdi («Mydam taýýar» gazeti). 2. göç. m. Höwes bilen isleg, arzuw bilen gylawly. Ol işe işdämen ýapyşdy.


IŞDÄMENLIK. 1. Açyk işdälilik, nahara meýillilik. Işdämenlik bilen iahar edinmek.

2. göç. m. Işe ýa-da başga bir zada höweslilik, gylawlylyk. Ol demirgazyga tarap işdämenlik bilen seretdi («Kolhoz günleri»). Kelje bolsa, bir hili işdämenlik bilen kagyzy aldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


IŞDÄSIZ, 1. Kem işdä, çümhörek, meýilsiz. Nahary işdäsiz iýmek.

2. göç. m. Bir işe meýli, höwesi az bolan höwessiz, gylawsyz.


IŞDÄSIZLIK, 1. Kem işdälilik, çümhöreklik.

2. göç. m. Höwessizlik, islegsizlik, gylawsyzlyk.