SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŞS


IŞSIZ [i:şsiz], 1. Kapitalistik  jemgyýetde:  işi bolmadyk,   zähmet hakyndan ýaşaýyş   serişdesinden mahrum bolan hiç bir iş etmän ýören.

2. gepl. d. Bikär, keýpine, işi ýok, iş bilen baglanyşyksyz.

Işsiz , geler, işleýäniň işini galdyr  (nakyl).


IŞSIZLIK [i:şsizlik], 1. Kapitalistik jemgyýet-de: kapitalistik plansyz önümçpliginiň ýagdaýynda işsiz adamlaryň bolmaklygy. SSSR-de işsizlik bir eýýäm ýok edildi («Sowet Türkmenistany» gazeti). 2. Bikärlik, boşluk. Kimler işsizlikden düzzüm oýnaýar-dy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IŞSIZ-PIŞESIZ [i-şsiz-pi:şesiz], Hiç bir hili işi-pişesi bolmadyk, işsiz, bikär. Bir näçeleri bolsa hiç bir işsiz-pişesiz, ýöne endik edinen adatlary boýunça gezelenje gelýärdiler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).