SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŞE


IŞEŇŇIR [i:şeňňir], Iş başarjaňlykda tapawutlanýan, iş başarýan, aktiw, işjeň. Bu ogryn ýodany işeňňir partizanlaryň kömegi bilen tapyp, batyr razwedçiklerimiz peýdalanypdyrlar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Täjigül ýaly işeňňir gyz az-azdyr, onuň elinden dür dökülýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Biz işe işeňňir gatnaşýarys.

 

IŞEŇŇIRLIK [i:şeňňirlik], Iş başarjaňlyk; aktiwlik, işjeňlik. Bedenterbiýe kollektiwleriniň işeňňirligine ýardam bermelidir («Sowet Turkmenistany» gazeti). Kolhozçylar işeňňirlik bilen işleýärler («Sowet edebiýaty» žurnaly).