SÖZLÜG ;   I- HARPY;

Ç


IŞÇI [i:şçi], 1. Sotsialistik jemgyýetde: döwletde ýolbaşçy güýç bolup durýan we ähli halk bilen birlik-de önümçilik serişdelerine eýelik edýän; profossional öndürijilik zähmeti bilen meşgul bolýan hem-de işçiler synpyna degişli bolan adam. 1905-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Putilow zawodynň administratsiýasy dört sany işçini işden çykardy (SSSR taryhy). Boýnumdaky gyzyl ýaglyk, işçi-daýhan ganydyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Kapitalistik jemgyýetde: buržuaziýa tarapyndan ekspluatirlenýän ezilýän we önümçilik serişdesinden mahrum edilen hakyna tutma işgär.

<> Gara işçi — gara işde işleýän işçi.