SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IŞL


IŞLEMEK [i:şlemek], 1. Zähmet çekmek, bir iş bilen meşgul bolmak. Şol gürrüňler oňa işde gaýduwsyz işlemegine kuwwat berýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

Işlemedik — dişlemez (nakyl). Uly başlar, kiçi işlär (nakyl).

2. Hereketde bolmak bilen bir zady öndürmek, çykarmak. Zawod işleýär.

3. Bir edarada gulluk etmek, bir wezipäni, käri ýerine ýetirmek. Ylmy işgär bolup işlemek.

4. Abat bolup ýöräp durmak. Sagat işleýär. Traktor işleýär.


IŞLENMEK [i:şlenmek], 1. Zähmet çekip, iş edilmek, zähmet çekilmek. Pagta ýygymy wagtynda köp işlenýär.

2. Bir zadyň, meseläniň üstünde iş alnyp barylmak. Mesele işlendi.


IŞLETMEK [i:şletmek], 1. Hereketde bolup bir önüm öndürtmek, çykartmak. Mehanizmi saz işletmegi başarýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Näme, men allanyň eşegini ogurlapmydyryn, seni gezmeli, meni işletmeli diýip buýruk çykarar ýaly? (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Zähmet çekdirip bir iş bilen meşgul boldurmak.

3. Gulluk etdirmek, bir wezipäni, käri ýerine ýetirtmek. 4. Abat edip ýöretmek.


IŞLEŞMEK [i:şleşmek], 1. Işlemäge kömekleşmek. 2. Köpçülik bolup işlemek. Beýlekiler işleişp ýören wagty, elimi gowşuryp oturmak göwnüme jaý däldi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýeňleri çyzgalgy gelin-gyzlar işleşip ýörler («Sowet Türkmenistanynyň aýallýary» žurnaly).


IŞLI [i:şli], 1. Bir iş bilen meşgul bolup ýören eli boş däl, işi köp bolan. Siz, beýle hemmäňiz işli bolsaňyz aýtmaly ekeniňiz. 2. Iş bilen  baglanyşykly. Men seniň ýanyňa işli geldim.

3. Eli hunärli, çeper, zähmesöýer (gyz, gelin hakda).


IŞLIK [i:şlik], gram. Gymyldy, hereket we gymyldamazlyk ýagdaýy bildirýän söz topary.

* Işligiň passiw formasy, gram işligiň gaýdym derejesiniň goşlmasyny kabul etmek bilen ýasalýan forma .


Goşma işlik ,gram. —Kömekçi işlik arkaly birleşýän sözleriň semantika taýdan bir bitewi many aňladýan gramatik kategorrýasy.

Dowamly öten zaman işligi, gram — bir işiň, gymyldy-hereketiň bir näçe wagt dowam edenligini aňladýan işlik formasy.


Düýp işlik, gram. — asyl we ýasama işlikleriň  üýtgemeýän  bölegi.


Kem işlik, gram işlik kategoriýasyna degişli grammatik termini.


Kömekçi   işlik gram goşma işliklerde esasy sözden soň gelýän işlik, goşma işligiň ikinji  bölegi bolan işlik.


Ortak  işlik, gram. Edilýän gymyldy-hereketiň haýsy zamandadygyny bildirip, baglanýan sözlerini sypatlandyryp gelýän işlik formasy.


IŞLILIK [i:şlilik], Bir iş bilen meşgullyk, elg boş dällik, işi köplük. Ol işliligi zerarly toýa giç geldi.