SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖLD

ÖLE

ÖLJ

ÖLI

ÖLL

ÖLM

ÖLS

ÖLÜ

ÖLÇ

ÖLŞ


ÖLÇEG, 1. Ölçeýiş. Uzynlyk ölçegi. Agram ölçegi. Kub ölçegi. Metrlik ölçeg sistemasy.

2. Bir zadyň ululyk-kiçilik möçberi, gabarasy, nomeri. Ondan aýakgabynyň ölçegini soradyk («Sowet edebiýaty» žurnaly).

3. Möçber, mukdar. Ol bu zatlaryň hemmesiniň dogry hasabyny hem ölçegini kolhozyň hojalyk hasaby boýunça belleşdiripdir (A. Gowşudow, Eserler).

4 edeb. Şigyr setirleriniň, onuň bogun sanynyň normasy.

5. Çen çak, çäk. Herki zadyň öz ölçegi ýagşy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ÖLÇEGDEŞ, Bir ölçegde bolan, ölçeg boýunça biri--birine deň gelýän.


ÖLÇEGDEŞLIK, Bir ölçeglilik, bir ölçegde bolmaklyk. Ölçegdeşlik kadasy bozulypdyr (S. N. Winogradow, A. F. Kuzьmin, Logika).


ÖLÇEGLI, 1. Belli ölçegi bar bolan, ölçegi kesgitlenen. Ölçegli mata. Ölçegli galla zonasy. 2. Çäkli, çakly. Ölçegli norma. Ölçegli san.


ÖLÇEGSIZ, 1. Ölçegi kesgitlenmedik, belli ölçegi bolmadyk. Şol saka patyşanyňky bolany üçin, suw alşy hem ölçegsizdir (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Çendenaşa, çaksyz, çäksiz. Ölçegsiz giňişlik.


ÖLÇELMEK, 1. Bir zadyň ölçegi kesgitlenmek, ölçäp goýulmak. Bütin mülk boýunça bugdaý ölçelýän bir bedre bardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. Çenlenip görülmek, çaklanyp görülmek.


ÖLÇEMEK, 1. Ölçegini kesgitlemek, agramyny, uzynlygyny we ş m. bilmek, kesgitlemek, çekmek. Onuň agramyny ölçemäge şu älemiň daglarynyň daşlary-da ýetmejek ýalydy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Tehnik çeşmäniň çuňlugyny ölçedi («Pioner» žurnaly). 2. göç. m. Bir zat barada pikirlenip, oýlanyp görmek. Ölçäp, biçip, belki-de meni suda bererler («Sowet edebiýatk» žurnaly). Ýedi ölçäp, bip kes (nakyl).


ÖLÇERIP-DÖKMEK, Pikirlenip, oýlanyp görmek, bir meseläniň aňyrsyna-bärsine göz ýetirjek bolmak. Özüm hem pikirlenip, telim gezek ölçerip-dökdüm («Sowet Türkmenistany» gazeti). Ol öz ýanyndan bir näçe zatlary ölçerip-döküp, kolhoz prawleniýesiniň jaýynyň deňinden geçipdir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖLÇERIŞMEK, Ölçermäge kömekleşmek.


ÖLÇERMEK, 1 Endigan ýakmak üçin agaçlary gozgaşdyrmak, çala ýanýan bölekleri güýçli ýanar ýaly etmek. Çüýşegöz ody ölçerýärdi (A. Gowşuňow, Eserler).

2. ser. Ölçemek 2. Onçasyny, Güljahan, özüň ölçerip gör! (B. Pürliew, Ilkinji gün). Häzir hem ol şol hasap bilen meseläni ölçerýärdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

<> Oduny ölçermek — derdini gozgamak. Siz bir meniň sönen odumy ölçermäň! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).


ÖLÇERTMEK, 1. Kesindileri, ýanman galan odun böleklerini oduň üstüne atdyrmak. Ody ölçertmek.

2. göç m. Birine bir meseläni çözdürmek, birini bir mesele barada pikir etmäge, oýlanmaga mejbur etmek.


ÖLÇETMEK, 1. Ölçegini kesgitletmek, çekdirmek, ölçäp mukdaryny bildirmek. Ekilmeli mellek ýeri ölçetmek. Gapdaky süýdi ölçetmek. Men oglumyň agramyny ölçetdim.

2. Bir zat tikdirmek üçin ölçegini aldyrmak. Kostýum ölçetmek. Mata ölçetmek.

3. göç m. Bir mesele barada oýlandyrmak, pikir etdirmek.


ÖLÇEŞMEK, 1. Ölçegini kesgitlemäge kömekleşmek, ölçemäge kömek etmek, deňeşdirişmek. Sen oňa işde emgelenok diýýärsiň, ertir işde şol seniň bilen eden işini ölçeşer hem (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

2 göç. m Pikir alyşmak, oýlanyşmak.