SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖLD

ÖLE

ÖLJ

ÖLI

ÖLL

ÖLM

ÖLS

ÖLÜ

ÖLÇ

ÖLŞ


ÖLÜGSI, 1. Ýagtysy az bolan, çala ýagty berýän, çalaja ýanýan. Buludyň ýokarsyndan düşýän Aý nury, Ölügsi, çalaja görünýär ýerde («Sowet edebiýaty» žurnaly) Ojak. başynda ýanyp duran onluk çyranyň ölügsi ýagtysy tamyň dört burçuna özüniň sarymtyl şöhlesini uzadyp, tamyň içindäki bar zatlary görkezýärdi (K. Işanow, Watan üçin)1.

2. Öçügsi, tutuk (reňk hak-da).

3. göç. m. Şöhlesi giden, nury gaçan, kütelen (göz hakda). Olaryň ölügsi göreji ýaşy tükenen agyly gözleri ýada salýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖLÜGSILENMEK, 1. Ölügsi bolmak, ýagtysy azalyp başlamak, şöhlesi öçüp başlamak. Asmanyň ýiti ýyldyzlary kem-kemden ölügsilenip, gündogardan göterilen daň şapagy dünýä ýüzüne çalymtyl çekmen bolup çaýylýardy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Öçügsi bolmak, tutuk bolmak (reňk hakda).

3. göç. m. Şöhlesi gitmek, nury gaçmak, kütelmek (göz hakda).


ÖLÜLIK, Diri dällik, öli haldalyk, jansyzlyk. Meniň diriligim bilen ölüligimiň maşgala üçin onçakly tapawudy hem ýok (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖLÜM I, 1. Ýaşaýşyň gutarmagy, wepat boluş. Ölüm-den gutaran bu mert aýala, Näçe esger «uýam» diýp söz açypdyr (A. Atajanow, Iki poema).

2. gepl. d. «Zäher ajal» diýen manyda ulanylýan gargyş söz. Saňa bir ölüm!

<> Ölüm jezasy — suduň ýokary hökümi, atuw jezasy. Aklaryň harby ştabynyň şol günüň özün-de oňa ölüm jezasyny berenini mälim edipdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Ölümiň gyrasy — ýaşaýyş üçin howply ýagdaý; örän aýyp, masgaraçylykly. Sudlaryň öňünde kelläňi ýalaňaçlamaklyk ölümiň gyrasy bir iş (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).

Ölümiň  ö ý i — kynçylykly, kyn, agyr.

Ölümiň  ö ý ü n d e — güýç bilen, örän kynlyk bilen, azap bilen, zordan.

Ölüm ýassygynda ýatmak — agyr syrkaw ýatmak, ölüm halynda ýatmak.


ÖLÜM [ö:lüm] II, Düýe çalynyň üstüne süýt guýlanda emele gelýän goýy agaran. Şu günler düýäniň goýy ölümi kändir («Görogly» eposy).


ÖLÜM-ÝITIM, ser. Ölüm I, 1. Garahassalyk keseli sebäpli ölüm-ýitimiň sany uruş hereketleri zerarly bolýan ölüm-ýitimiň sanyndan köp bolýardy (N. A. Ýablokow, Ýokançly içege keselleri).


ÖLÜM-IITIMSIZ, Ölüm-ýitimi ýok bolan, ölümsiz, ýitimsiz. Dowarlary iýmlemegiň şertlerini gowulandyryp, ölüm-ýitimsiz saklanylmagyny gazanarys («Sowet Türkmenistany» gazeti).


ÖLÜP-ÖÇMEK, 1. Yhlasly bolmak, janypkeşlik bilen bir işi ýerine ýetirmek, örän gowy görmek. Nurjahan Artygy ýeke bir ogşamak däl, ony ölüp-öçüp ýalady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Nebsewür bolmak, nebsewürlik etmek. Nahar iýlende, ölüp-öçüp barmak.

3. Gaty howlukmak, örän alňasamak.


ÖLÜŞMEK, 1. Urşup biri-birini öldürmek, gyrlyşmak. Ölşeris weli, şu tummeg-ä bermeris (A.Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Dawa-jenjel etmek, basa-bas guramak, dawalaşmak, jenjelleşmek, Men ölmeli bolsa ölerin («Pioner» žurnaly).