SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖLD

ÖLE

ÖLJ

ÖLI

ÖLL

ÖLM

ÖLS

ÖLÜ

ÖLÇ

ÖLŞ


ÖLLEMEK [ö:llemek], Öl etmek, çyg çekdirmek, suwa ezmek, suw degirmek. Üstünde köp oýnalmakdan kä ýerleri süzülen matany suwa ölläp ýere ýazýarlar (A. Gowşudow, eserler) . <> Bogazy öllemek — ser. B o g a z I. Bogazymyzy biraz ölläýmek gerek ekeni (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖLLENMEK [ö:llenmek], Öl edilmek, nem çekmek, yzgar almak, suwa ezilmek. Klas mebelleri her gün irden öllenen esgi bilen süpürilmelidir («Mugallymlar gazeti»).


ÖLLÜK [ö:llük], Öl ýa-da  çyg çeken halda  bolmaklyk, çyglylyk, yzgarlylyk.