SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖLD

ÖLE

ÖLJ

ÖLI

ÖLL

ÖLM

ÖLS

ÖLÜ

ÖLÇ

ÖLŞ


ÖLI, 1. Diri däl, jansyz, ölen. Demir ýoly basyp şähere geçilýän uly ýoluň gapdalynda öli göwre asylgy durdy (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).

Öli arslandan diri syçan ýagşydyr (nakyl).

2. Öleniň meýdi. Gabryň başynda öliniň üstüne kesilen zatdan hem oňa iki esse paý berýärler (N. Pomma, Egri eýikmez). Derýa bilen bir öli akyp gelýärdi.

Öli aýatdan doýmaz, diri — hezzetden (nakyl).

3. göç. m. Hereketsiz, biderek, peýdasyz. Şol gözel görnüşi öli ruhlary-da jana getirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

4. Gowşak, lellim.

<> Öli  reňki urmak — ser. R e ň k. Madyr işanyň ýüzüne öli reňki urdy, özüni tutup bilmän titredi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kesel ony ýaman horlapdyr, ýüzüne öli reňki urupdyr. Öliň sargydyny sargamak — ser. S a r g y t. Men ol Eşrebe öliň sargydyny sargadym, atanyň ogla bolan mähri bilen ýalbardym («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Öliň soragyny soramak — ser. S o r a g.


ÖLINÇÄ [öli:nçä], Ömür baky, dünýäden ötinçä, hemişe, ömürlik. Seniň negr gözeliň, Tä ölinçe wepaly («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Ýaryndan aýrylan ýedi ýyl aglar, ýurdundan aýrylan ölinçä aglar (nakyl).