SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖLD

ÖLE

ÖLJ

ÖLI

ÖLL

ÖLM

ÖLS

ÖLÜ

ÖLÇ

ÖLŞ


ÖLMEZ-ÝITMEZ, Ömürlik şöhrata eýe bolan, adamaryň ýadynda hemişelik galýan, ömürlik. Türkmen halky hem Nowaýyniň ýiti pikirli ölmez-ýitmez obrazyny kemsiz döredipdir (Myraly). Magtymgulynyň ölmez--ýitmez eserleri köp dillere terjime edildi.


ÖLMEZÖDI,[ölmezö:di], Ujypsyzja, azajyk. Ýyllar boýy talanan aç daýhan kowçum-kowçum üýşüp, ölmezödi aladasyny etmek ýoluny agtarýardy  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖLMEK, 1. Ýaşaýyşdan mahrum bolmak, dünýäden ötmek, wepat bolmak, aradan çykmak, ýogalmak. Piotr, meni taşlaň, başyňyzy gutaryň, ikimiz bile ölmäli! (A. Gowşudow, Eserler). Iki at depişer, arasynda eşek öler (nakyl).

Ölme eşegim ýaz geler, ýorunja biter (nakyl).

2. Ýok bolup gitmek, dowam etmegi kesilmek, bes etmek, ýitip gitmek. Näme üçin biziň käbirlerimiz bir eýýäm ölüp giden adaty süýreýäris (N. Pomma, Taýlak hyzzy).

3. göç. m. Solmak, guramak (ösümlik hakda).