SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖWG

ÖWE

ÖWZ

ÖWL

ÖWM

ÖWS

ÖWR

ÖWÜ


ÖWEZINE, Biriniň ýa-da bir zadyň deregine, ornuna, ýerine. Balam, fabrigiň işgärlerinden sen şujagaz matany ýadygärlik al! Goý, ol seniň beren pagtaň öwezine garlawaç dostlugy bolsun (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ÖWEÝ, 1. Hakyky öz enesi ýa-da atasy däl-de, enelik ýa-da atalyk edýän. Men sowugy bilmedim, yssyny bilmedim, enesi öweý diýdirmejek bolup, ody özüme basdym (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Ogullyga ýa-da gyzlyga alnan. Öweý ogul. Öweý gyz.


ÖWELEK, Mydama agzyny öweldip, aňkarylyp ýören.


ÖWELIŞMEK, Köp bolup öwelip durmak, bilelikde öwelmek. Oglanjyklar maşynyň ýanynda öwelişip durdular


ÖWELMEK, Geň galyp, aňkaryp durmak, aňk boldurmak. Sen näme öwelýersiň?


ÖWELTMEK, Geň galdyrmak, täsin galdyrmak, ankartmak.

<> Agzyňy öweltmek — ser  Agyz.


ÖWERLIK,  Öwgä, tarypa mynasyp, taryp edip bolarlyk. Ýeke-ýekelik-de işlemek o  diýen  öwerlik däldi we kynrak düşýärdi («Sowet  edebiýaty» žurnaly). Onuň ýüzüniň hyrsyz bolşy ýaly, häsiýeti hem öwerik däldi  (G. Gurbansähedow, Ýürek daş däl).


ÖWERLIKLI, ser Ö w e r l i k. Biziň golaýadaky brigadalarda hem şi tertibimiz öwerlikli däl («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖWEÇ, Iki ýaşyny dolduryp, üç ýaşyna giden goýun. Bir semiz öweji alyp gelip, gapysynda baglady (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


ÖWEÇLEMEK, Goýun-geçinin art aýaklaryndan galdyryp, iki öň aýagynyň üstünde ýöretmek. Goýny öweçlemek. Geçini öweçlemek.