SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖWG

ÖWE

ÖWZ

ÖWL

ÖWM

ÖWS

ÖWR

ÖWÜ


ÖWSAÝY [öwsa:ýy], Hiç zatdan habarsyz, hiç zat bilmeýän, boşaň, arkaýyn. Ata özüni örän öwsaýy görnüşde görkezip, salam berip geldi (B. Gurbanow, Duşuşyk).


ÖWSELE, Önümçilik gurallary, instrument, senet. Bu betha, öýünde öwsele goýman dagytjak (A. Gowşudow, Eserler). Öýüňde öwsele bolmasyn, emma welin egniňde görnükli

egin-başyň bolsun.! — diiýp, Çaşçy çaman özüniň kellesindäki düşünjesini dost-ýarlaryna hem öwüt berýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Onuň öý bilen-de, öwsele bilen-de işi ýokdy.


ÖWSÜBERMEK, 1 Öwsüp başlamak, ösüp başlamak. Gijara birden ýel öwsüberdi.

2. göç. m. Turup gidibermek, turup birden gitmek. Oturan ýeriňden öwsübermek.


ÖWSÜN, öwsün atmak — dürli reňkde öwüsmek, ýalpyldamak. Bagana her hili reňkde öwsün atýardy.


ÖWSÜNMEK, Meýil etmek, hyýallanmak, begenmek, guwanmak. Onuň gujagyndaky dünýäden bigam çagajyk oturanlara bakan öwsünýärdi (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Keýik awlamaga gitmäge öwsünip oturan Mergenowyň islegini bu gün Ýolli ýerine ýetirmeli boldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).