SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖWG

ÖWE

ÖWZ

ÖWL

ÖWM

ÖWS

ÖWR

ÖWÜ


ÖWRAN [öwra:n], Gezek, ýola, sapar, gaýta. Biziň çozuşymyzy saklamak üçin, duşmanlar örän köp tanklary bilen ýene-de iki öwran kontrataka synandylar (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


ÖWRAN-ÖWRAN [öwra:n-öwra:n], Bir näçe gezek, gaýta-gaýta, yzly-yzyna, garşy. Ýazylan haty öwran-öwran okap, pugta tanyş boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


ÖWRE, Sowa, .öwrümli. Soňra nämänidir düýrläp gazete, Il gözünden öwre goýdy bir çete (A. Kekilow, Söýgi).


ÖWRENDEKLI, Bir zady endik edinen, bir zady adat edinen. Potdy adamçylygy öwrendekli häsiýetden ileri tutdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ÖWRENJE, Bir işe ýaňy girişip başlan, bir işi, seneti ýaňy öwrenip başlan. Onuň ýazan eserleri öwrenje ýazyjylaryň eserlerinden tapawutlanmaýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ony öwrenje işçileriň hatarynda fabrige kabul etdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


ÖWRENIŞDIRMEK, Ýuwaş-ýuwaşdan ysnyşdyrmak, ýuwaş-ýuwaşdan endik etdirmek, öwrendekli etmek. Meniň göwnümi görmek, özüne öwrenişdirmek üçin sypayçylyk etdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


ÖWRENIŞMEK, 1. Endik etmek, türgenleşmek. Emma ol bu ýagdaýa tiz öwrenişdi («Sowet Türkmenistany» gazeti), Biz işe öwrenişdik.

Öwrenişen ýagy uruşmaga ýagşy (nakyl).

2. Ysnyşyp başlamak, ysnyşmak. Röwşen az günüň içinde adamlar bilen öwrenşip, gep-söz öwrenmäge başlady. («Görogly» eposy). Biz onuň bilen öwrenişipdik (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Uýgunlaşmak. Kynçylyklar bilen öwrenişmeli bolýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÖWRENMEK, 1. Bilimi özleşdirmek, bir käri, senetň ele almak, bir zadyň tärini bilmek. Adamzadyň we haýwanyň gylyk-häsiýetlerini oňat öwrenipdir («edebiýat»).

2. Bir zady ylmy taýdan barlap bilmek, bir zada gözegçilik edip bilmek, derňemek. Halk döredijiligi zähmetkeşleriň taryhyny öwrenmekde örän möhüm çeşmedir («Edebiýat»). Beýik ýazyjylaryň eserlerini höwes bilen düýpli öwrenmegiň möhüm rolь oýnandygy şeksizdir (A. Gowşudow, Eserler).

3. ser. Öwrenişmek 1. Hemişe köpçüligiň gürrüňçiligine öwrenen Garly ussanyň ýüregi gysdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

Öwrenen gylyk örkleseň--de durmaz (nakyl).

<> Ýaman öwrenmek — bir zada endik edinmek.


ÖWRETMEK, 1. Birine bilim bermek, okadyp hünär aldyrmak. Meniň islegim: okamak, soňra bolsa başgalara öwretmek (M. Gorьkiý, Ene).

2. Bir işe girişmegi meýil etdirmek, türgenleşdirmek. Joralary oňa aýdym aýdyp, tans etmegi we hiňňildikde uçmagy öwretdiler («Mydam taýýar» gazeti). Maňa welosiped sürmegi hem öwretdi («Pioner» žurnaly).

3. Nesihat bermek, maslahat bermek, akyl bermek. Men ony agzybir ýaşamagy öwretmäge gelendir diýip begendim (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

Bu günki serçe düýnki serçe «jik-jik» öwreder (nakyl).


ÖWRÜLIŞIK, 1. Ösüş protsesinde, taryhda bolýan kesgitli, düýpli özgeriş. Ylymda bolýan öwrülişik. 2. Döwlet gurluşyndaky agdarylyşyk. Döwlet öwrülişigi.


ÖWRÜLMEK, 1. Yzyňa aýlanmak, yzyňa gaýtmak, dolanmak. Wepa dynç alyp ýatan ýerlerine öwrülip gelen-de, gaty tukatdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. Bir görnüşdan başga görnüşe geçmek. Burunlardan çykýan gyzgyn demler çalymtyk buga öwrülýärdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Henaz men şol ýeriň nähili edip gowy ýere öwrülýändigni görmändim («Mydam taýýar» gazeti).

3. Biriniň ýa-da bir zadyň daşyna aýlanmak, bir zadyň daşyna agyl bolmak, daşyny gurşap almak. Hatar-hatar gyzlar otyr düzülşip, Garry kyrk öwrülýär olaň daşyna («Sowet edebiýaty» žurnaly).

4. Daşyndan aýlanyp geçmek. 5. Beýleki ýüzüne agdarylmak, dönderşmek.

<> Dil öwrülmezl i k — ser. D i l II.  Başga dilde gepläniňde, dil öwrülmezlik.


ÖWRÜM, 1. Bir zadyň daşyndaky aýlaw. Sagat dili soňky öwrümine başlaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2.  Ýoluň gyşaryp başga ugra gidýän ýeri, egrelip gidýän ýeri, burç. Biziň ýolumyz köçäniň öwrümindäki bagjagazyň  üstünden düşdi   («Sowet    edebiýaty» žurnaly).

3. Uzynlygyň,  zolagyň egrelýän  ýeri. Ýabyň  öwrümi. Ýoluň öwrümi.

<>Öwrüm  etmek — aýlanyp gelmek, aýlanmak.  Samoliot bazanyň  üstünde  bir  gezek öwrüm edip, derrew gonuma gaýtdy  («Sowet edebiýaty» žurnaly). Çagalar fontanyň  töwereginden  öwrüm  etdiler («Mydam taýýar» gazeti).

Öwrüm    bermek — ser Öwrüm etmek. Atbaşçylar bilgeşle öwrüm berip, Halnazaryň hatarynyň üstaşyry dönüm etdiler, onuň hataryny tozana gardylar  (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 

Içi öwrümli —  mekir.


ÖWRÜM-ÖWRÜM, Bir näçe öwrümi, aýlawy bolan, aýlaw-aýlaw, egrem-bugram. Derýanyn, öwrüm-öwrüm şahajyklary adajyklary emele getirýärdi.


ÖWRÜŞMEK, Birine bir zady öwürmäge, agdarmaga kömekleşmek. Täze jaýa göçülende, goşlary ýerli-ýerinde goýanyňda, krowatlary eýläk-beýläk öwrüşmäge-de kömekçi gerek.