SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WEÇ

WEÇ,1. Tär, ýagdaý, alaç, ýol.Ah çekip tapmady gitmäniň wejin.(N.Pomma, Saýlanan  eserler).

2. Zat,Derek. Men-ä Jereni hiç bir weçden hem hasap edemok B.kerbabaew, Aýsoltan)   

Aýnanyň  soragy Mama hiç bir weçden täsir etmedi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

3. Maza, ugur. Işdäsiniň hem, iýşiniň-içişiniň hem weji bolmady (B. Kerbabaew, Çekişmän — bekişmez). *Wejiň gaçmak — ugruň gaçmak, "kuwwatdan düşmek.


WEÇE tap. Gadymy Russiýada: döwlet we jemgyýetçylyk işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin käbir

şäherlerde geçýän  ýygnak hem-de şol ýygnagyň  geçýän ýeri.      

Nowgorodda bir jaň bolup, onuň sesine halk jemgyýet işlerini çözmek üçin weçe maslahatyna ýygnanýardylar.(A.N.Radişew. Peterburgdan Moskwa siýahat).