SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WEP

WEPA  [Wepa:],  Birine ýa-da bir zada tüýs ýürekd berlenlik, peýdaly, haýyrly bolmaklyk. Biz daýhan wepasyna  ynanýaris (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim) Beýik geljek bize gujagyn gerdi, Her kim öz dostynyň wepasyn gördi (R. Seýidow, Saýlanan eserler)

Jepasyny çeken  wepasyny  görer   (nakyl).


WEPADAR [wepa:da:r], ser. W e p a l y. Eger şeýle bolsa, öz söýgüsine wepadar bir söýgüli tapan bolsaň meniň ol ara düşmäge hakym ýok (A. Gowşudow, Meh ri—Wepa). Watana wepadar, goňşa gadyrdan, Agzybyr halky bar, özi gahryman («Oktýabrь ýalkymy»).


WEPADARLYK  [wiopa:da:rlyk],  ser.Wepalyly.

Öweziň Görogla we Çandybil halkyna bolan wepadalygy görkezilýär («Görogly» eposy).


WEPALY [wepa:ly], Birine ýa-da bir zada tüýs ýürekden berlen; peýdaly, haýyrly, wepadar, ynamdar. Watanyňa wepaly bolmak.


WEPALYLYK [wepa:lylyk], Wepada durnuklylyk ynamlylyk, haýyrlylyk, peýdalylyk.

Onuň ertekileriniň we hekaýalarynyň içinde gaýduwsyzlyk, wepalylyk häsiýetde bolan gahrymanlar diňleýçgileriň dykgatyny özüne çekýär (A. Gowşudow, Mähri—Wepa) Emma dogry sözli, tutanýerli Tokga öz wepalylygy tassyklamak üçin boýun aldy (B. Kerbabaew, Aýgyt ädim).


WEPASYZ [wepa:syz], Wepa, peýda, haýyr bermeýän:biwepa, ykrarsyz.

Eger-de Jygaly beg wepasyz bolup çyksa, her wagt hem muny iline ýetirmese bolar («Görogly» eposy).         

WEPASYZLYK [wepa:syzlyk], Tüýs ýürekden berilmezlik, wepaly dällik, ykrarsyzlyk.


WEPAT [wepagt]: wepat   b o l m a k — ölmek, aradan çykmak. Ata-enesi wepat boldy («Görogly» eposy) Ol oglunyň zähmetkeşleriň azatlygy ugrunda batyrlyk görkezip, wepat bolanlygyny bildi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).