SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WEL

WELAÝET [wela:ýet], kön. s. 1.Ýurduň merkezinden uzakdaky ýaşalýan ýerler, territoriýa.

2. Käbir döwletlerde admimistratiw bölünişik, ýurduň belli bir bölegi, oblasty. Döwlet aýry-aýry welaýetlere, hatda knýazlyklara-da bölünýär ekeni (SSSR taryhy). Gülendam Şirwan welaýetiniň patyşasynyň gyzydy («Görogly» eposy). Gulluhanyň Zakaspi welaýetine ygtyýarly dikme boljagyny. ynandyrypdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


WELI . I, Garşylygy görkezýän baglaýjy kömekçi.

Gyzlardan suw soradyk weli, ynha şujagaz gyz galmagal edip, düşübermezmi başymyzdan (G. Muhtarow, G. Seýitliew, Bagbanyň gyzy). Gutardym weli, ejem-kakamdan gaty gorkýan (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


WELI [weli:] II, 1. Dindar, keramatly. Öwladyň itini bihal görme, olar welidirler — diýip, öz ata-babasynyň olary mugt ýerden ýallap gelenlerini ýadyna saldy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).

2. Öňünden biliji, akyldar, köpbilmiş.


WELIKODERŽAW, tar. Imperialistik döwletlere mahsus bolan, milli aýratynlyk ruhy ornan.

* Welikoderžaw şowunizm — beýleki halklary gulçulyga sezewar etmek barada basybalyjylykly syýasat.


WELILIK [weli:lik], 1. Dindarlyk, keramatlylyk.

2. Akyldarlyk, köpbilmişlik. Onuň aýdan sözleri — welilik sözleri boldy.

<> Welilik satmak — hemme zady bilen bolmak, «pygamberlik» etmek, her zady öňünden bilen bolmak.


WELIN [weli:n], ser. W e l i I. Onuň ýernini sallap durşuna syn edeňde welin, emelsiz, erni suwly bolar — diýip güman edýärsiň (A. Gowşudow, Mähri— Wepa). Gowaçanyň ynjyklygy hakynda aýdanlaryň dogry welin, soňkyň öteräk bolaýmasyn (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


WELO..., «Welosiped» diýen sözi aňladýan goşma sözleriň birinji bölegi.


WELODROM, Welosiped ýaryşy üçin ýörite ýodajykly ýer, meýdança.


WELOZAWSUD,  Welosiped zawody.


WELOKA'MERA,   Welosiped   kamerasy.


WELOSIPE'D, Aýak bilen herekete getirilip sürülýän iki tigirli, rully mehanizm.

Esen täzeje welosiped, Bibijik bolsa patefon aldy («Pioner» žurnaly). Welosiped kamerasy.


WELOSIPEDÇI, Welosiped sürýän adam, welosiped sürýän sportsmen


WELOSPORT, Welosiped sporty.


WELЬBO'T, deňizç. Kit awlamak ýa-da heläkçilik-den halas etmek maksady bilen deňiz gämileriniň ýanynda saklanýan, çalt ýüzýän ýeňiljek gaýyk.


WELЬWE'T, Mahmala meňzeş nah mata. Köýnek tikdirmek üçin welьwet aldym.


WELÝUF, ýörite işlenilmegi netijesinde ýüzi gytyk tüýjükli mawut ýa-da fetr mata.