SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WEÝ

WEÝ, Adamyň geň galmaklyk, haýran galmaklyk ýaly içki duýgusyny aňladýan ümlük.

Weý, möjek dost, seniň habaryň ýokmy? («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). Weý — diýip sypybilmersiň, sen meniň soragyma jogap ber! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


WEÝ-WEÝ, Adamyň içki duýgularyndan: geň galmaklygy, haýran galmaklygy, ýadawlygy, agyry duýgulary aňladýan ümlük.

Weý-weý, beýle zat bolmaz ahyry (B. Pürliew, Hekaýalar).


WEÝRAN [weýra-.n], Berbat bolan, sandan çykan, harap bolan, ýumrulan, ýykylan, zaýalanan, çaşan. Ýeriň güýçli titremeginden obalar hem şäherler weýran bolýar («Tokmak» žurnaly). Weýran bolsun


WEÝRANLYK [weýra:nlyk], ser. Weýrançylyk.

Guduzlary ýere ýegsan etmesek, Gül ösýän ülkäni eder weýranlyk (B. Kerbabaew, Aýlar).


WEÝRANÇYLYK [weýra:nçylyk], Köplenç hojalykda, ykdysadyýetde bütinleýin harap, zaýa edilmeklik, weýran edilmeklik, berbatçylyk.

Ol uruş odunyň ýeten ýerindäki weýrançylyklary onçakly akylyna getirip bilmeýärdi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).