SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WER

WERDIŞ, Bir zada bolan endik.

Tur-otura ýarandan soň nätdiler? Ýumuş buýrup, işe werdiş etdiler.(B. Kerbabaew, Eserler toplumy). Bu erler Patyşa soldatlarynyň nyzama werdiş  edýän meýdançasy bolupdyr   («Mydam taýýar» gazeti).


WERMIŞE'LЬ, Unaşyň inçejik togalajyk sorty.


WERONA'L, farm. Uky getirýän derman.


WERST, 1,06 km deň bolan rus uzynlyk ölçegi.

Şäher bolsa obadan ýigrimi werst daşlykdady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ýedi müň wersti aşypjeň bilen, Dört ýyl sizden jyda bolduk, dostlarym (Çary Aşyr, Poemalar).


WERSTA'K, Üstünde agaç, demir işläp bejerer ýaly, ussanyň ýörite iş stoly.


WRRSTKA tipogr. Çap üçin ýygnalan ýygymy • (harplar) sahypa geçiriş, sahypalaşdyrma.


WERSTLIK 1.06 kilometre deň bolan uzaklyk, Guş obanyň bir  werstlik  ilersindäki  ýabyň aňry gyrasyndaky gür gamyşlygyň içinde bolguç bolardy  (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


WERTOLÝOT, aw. Ýerden dik ýokary galyp, howada sakanyp we ýokardan dik aşak düşýän ýörite konstruktsyýaly uçýan apparat. Ýakyn wagtlarda Aşgabat bilen Pöwrize aralygynda wertoliot gatnajak.