SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WES

WES-WEÝRAN [wes-weýra:n], Bütinleý weýran bolan, harap.

Şäheri duşmanlar wes-weýran edipdirler.


WESSALAM [wessala:m], Başga zat ýok, tamam, gutardy, soňy.

Soňra bolsa onuň eline barankany tutdurýarlar wessalam, traktorçy taýyn (N. S. Huruşýow, SSSR-iň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek Çäreleri hakynda). Ýeňiljek, duýduryş bererler, wessalam.


WESTIBÝU'LЬ, Köplenç jemgyýetçilik jaýlarynda ilki girilýän öňdäki otag.


WESÝET,  Wagyz, nesihat, maslahat, tabşyryk.

Pionerler Leniniň wesýetini hiç wagt ýatdan çykarmaň!  Kitaby söýüň we öwreniň — diýip, M. Gorьkiý wesýet edipdi. («Mydam taýýar» gazeti).


WESÝETNAMA [wesýetna:ma], Ýazuw üsti bilen berlen wesýet.  

Poltoratskiniň  wesýetnamasy elinde tutan Çernyşof tribuna çykdy (B. Kerbabaew, Aýgytly adim).