SÖZLÜG

ÝO Türkmen elipbiýiniň ýedinji harpy.

ÝOGALMAK [ýo:galmak], 1. Ýok bolup gitmek, ýok bolmak, ýitirim bolmak; ýitmek. Wizantiýa imperiýasynda-da gul eýeçilikli gurluş kem-kemden ýogalyp ugrapdyr (orta asyrlar taryhy).

2, göç. m Aradan çykmak, wepat bolmak, ölmek.

Aşyryň gelniniň ýogalanyny mälim etmeli boldy (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Onuň üç ogly goşundady. Şolaryň biri eýýäm uruşda ýogalypdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ÝOGALTMAK [ýogaltmak], 1. Ýok etmek, ýitirim etmek, ýitirmek

2 göç m Öldürmek


ÝOGNALMAK, 1 Ýogyn bolup başlamak, göwrümi ulalmak, birneme ýognamak. Gülüň baldagy ýognalypdyr .

2.Semräp başlamak, birneme semremek. Ol öňküsinden  has ösüpdi we ýognalypdy  «Sowet edebiýaty»


ÝOGNAMAK. 1.Ýogyn bolmak, düýbi, göwrümi ulalmak.

Çinar hem günde iki esse  ýognapdyr     («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

 Semremek.  Ol dynçlyk sebäbi ýognapdyr


ÝOGNAS, 1. Birneme ýogyn, ýogynrak. Bu sortuň süýümleri birneme gysgadyr we ýognasdyr (I. K Maksimenko, Türkmenistanda gowaçanyň selektsiýasy we tohumçylygy).

2. Birneme semiz, çişik, semizräk.

Ol soldatlaryň biri uzyn. ýognasdy (A Durdyew, Saýlanan eserler).

3. Ýogynrak çykýan, pes äheňde ýaňlanýan (ses hakda).

Gelinlik gyzyň roluny oýnaýan örän deşli ýigidiň sesi gyz sesinden has ýognasdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Onuň sesi hem başga — pessaý, ýognas we owazly (M. Gorьkiý, Ene).


ÝOGSA, Garşylyk we şert görkezýän baglaýjy kömekçi söz.

Aý, uruş zyýan etdi-dä, ýogsa men okap ýokary bilim aljakdym (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Onuň geleni gowy boldy, ýogsa biz bu işi gutaryp bilmezdik.


ÝOGYN [ýogy:n], 1. Diametri hem-de ini uly bolan, inçe bolmadyk.

Bahar bir gapdaldaky erik agajynyň ýogyn sütünine gözlerini dikdi we dymdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Ol ýogyndan gara saçlaryny hem ýňsesinde ýeke örüp saklapdyr (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Etli-ganly, semiz, çişik.

Mugthor, süýthor ýogyn garyny Eşretli ýerinden öçüren koşçy. (Mollamurt, Saýlanan eserler).

3. Pes, has ýognas (ses hakda)

Halnazar ýogyn, gyryljyk ses bilen hemle urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sygyrlar ýogyn ses bilen howany ýaňlandyryp molaýardylar (B; Kerbabaew, Aýsoltan).

ÝOGYN çekimli gram — ser. Ç e k i m l i


ÝOGYNLY-INÇELI [ýogy:nly-i:nçeli], 1. Arasynda ýogyny we inçesi bar bolan, ýogyn we inçe gatyşykly. Ýogynly-inçeli agaçlar üýşürilgi ýatyrdy

2. Kä ýogyn, kä inçe, hem ýogyn, hem inçe (ses hakda) Daňylgy it yogynly-inçeli çyňsady


ÝOGYNLYK [ýogy:nlyk], 1. Diametri, ini ululyk, inçe dällik, ýogyn bolmaklyk. Ýarym metr ýogynlykdaky pürs Çynar agjy ýogynlyk taýdan has tapawutlanýar.

2 Etli-ganlylyk, semizlik, çişiklik.

3 Peslik, has ýognas seslilik. Gudok sesiniň ýogynlygy. Çekimli sesleriň ýogynlyk taýdan sazlaşmaklary.